Premýer-ministr Nikol Paşinianyň bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde alty hepdeden gowrak wagt bäri dowam eden söweşi soňlamak üçin Azerbaýjan bilen gol çeken ylalaşygyna garşy dörän gazabyň fonunda Ermenistanyň jemgyýetçilik tertibine gözegçilik edýän polisiýasy paýtagta ýygnanan demonstrantlar bilen çaknyşdy.
Uruş kanuny öz güýjüni saklaýan wagty köçe ýörişlerine girizilen gadagançylyga garamazdan, müňlerçe protestçi Paşinianyň wezipeden çekilmegine çagyryş edip, paýtagt merkezindäki Azatlyk skwerine üýşdi.
Polisiýa ýygnanyşygyň öňüni almaga synanyşýan mahaly köpçülik “Nikol dönük” diýip gygyryşdy.
Birnäçe gatnaşyjy, şol sanda Abadan Ermenistan oppozisiýa partiýasynyň lideri Gagik Tsarukian, partiýa agzasy Hripsime Arakelianyň feýsbukda ýazmagyna görä, saklandy.
Paşiniýan Daglyk-Garabag sebitinde Azerbaýjan bilen etniki ermenileriň arasyndaky çaknyşyklary togtatmak üçin, Russiýanyň araçylyk etmeginde azeri tarapy bilen ylalaşyga gol goýandan soňra, Kawkaz döwletinde syýasy dartgynlylyklar barha ýitileşýän mahaly, demonstrasiýalaryň öňüsyrasynda, hökümet “agdarylyşyk” synanyşygyna garşy oppozisiýa duýduryş berdi.
Ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşygyň 10-njy noýabrda irden yglan edilmegi Azerbaýjanda şatlyk-dabara bilen garşylanan bolsa, Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda gahar-gazaba münen protestçiler hökümet we parlament binalaryna hüjüm etdiler.
17 oppozisiýa partiýasynyň wekilleri Paşiniany wezipeden çekilmäge çagyrdy. Olar ony ylalaşygyň çäginde “ermenileriň kabul etmeli agyr eglişikleri üçin” günäkärledi.
Ermenistanyň Rewolýusion federasiýasynyň (Daşnaktsutiun) lideri Işhan Sagatelian Ýerewan ýörişinde eden çykyşynda Paşiniany hem-de onuň “gapma-garşy syýasatlaryny” “urşy getirmekde” günäkärledi.
“Ol uruş wagty başdan-soňa hereketsizlik we dönüklik görkezdi” diýip, Sagatelian sözüne goşdy.
11-nji noýabra planlaşdyrylan oppozisiýa protestiniň öňüsyrasynda, Ermenistanyň polisiýasy anklawda 27-nji sentýabrda söweşleriň ýüze çykmagyndan bäri uruş kanunynyň astynda galýan ýurtda ýörişlere girizilen gadagançylyň öz güýjünde galýandygyny duýdurdy.
Premýer-ministriň orunbasary Tigran Awiniýan telewideniýede eden çykyşynda häzirki hökümetiň çekilmek mümkinçiliklerini aradan aýyrmaýandygyny aýtdy, şol bir wagtda “hökümet agdarylyşygy” synanşygyna garşy duýduryş berdi.
“Men uruş kanunynyň astynda bulançak suwda balyk awlamaga synanyşýan ähli syýasy güýçlere ynam bilen aýdýaryn, bu meselede çydamlylyk görkezilmez” diýip, premýer-ministriň orunbasary aýtdy.
“Zerur bolsa, bu hökümet gider, täze hökümet saýlanar, ýöne hut meniň özüm we biziň toparymyz islendik agdarylyşyk synanyşygyna ýol bermez” diýip, Awinian aýtdy.
Prezident Armen Sarkisian dartgynlylygy gowşatmak üçin hem-de milli “jebisligi” saklamak üçin birnäçe syýasy partiýalaryň wekilleri bilen “geňeşmelere” başlady diýip, prezidentiň edarasy aýtdy.
Russiýanyň araçylygynda gelnen ylalaşyga görä, Azerbaýjan konflikt döwründe Daglyk-Garabagyň töwereklerindäki ele salnan territoriýany öz elinde saklar. Şeýle-de ylalaşyk ermeni güýçlerini Daglyk-Garabagyň serhetleriniň daşynda ýerleşýän käbir sebitleri tabşyrmaga çagyrýar.
Ylalaşygyň çäklerinde Daglyk-Garabagda Russiýanyň parahatçylygy goraýyş goşunlary hem ýerleşdiriler.
Russiýanyň Goranmak ministrligine görä, “Garabag konflikt zonasynda söweşleriň bes edilmegine hem-de ýaraşygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin” möhleti bäş ýyllyk parahatçylygy goraýyş missiýasynyň çäginde 400-den gowrak rus esgeri eýýäm sebite ýerleşdirildi.
Soňy bilen sebitde 2000 töweregi rus esgeri sebitde aktiw bolar we olar Daglyk-Garabagyň esasy şäheri Stepanakerti Ermenistana baglaýan Laçin koridoryny garawullarlar.
Parahatçylygy goraýyş missiýasynyň çäginde sebite onlarça söweşjeň harby tehnika hem ýerleşdiriler.
Ýaraşyk Azerbaýjan güýçleriniň söweş meýdanynda gazanan möhüm ýeňişleriniň yz ýanyna gabat geldi. Olaryň sebit paýtagtynyň golaýyndaky strategik ähmiýetli Şuşi (Azeri dilinde Şuşa) şäherçesini ele geçirenden soň, Stepanakarte golaýlandyklary habar berildi.
Daglyk-Garabag Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýär, ýöne sebit ilatynyň ep-esli bölegini emele getirýän etniki ermeniler Azerbaýjan dolandyryşyny ret edýärler. 1994-nji ýylda baglaşylan ýaraşyk ylalaşygy bilen bes edilen uruşda Azerbaýjan goşuny we asuda azeri raýatlary sebitden çekileli bäri etniki ermeniler öz gatnaşyklaryny Ermenistanyň hemaýaty bilen özleri guramalaşdyrýar.
Russiýa, Fransiýa we ABŞ-nyň egindeş başlyklyk edýän ÝHHG Minsk toparynyň konflikti çözmek babatynda 1992-nji ýyldan bäri eden tagallalary netije bermedi. Sentýabryň ahyrlarynda söweşler başlanaly bäri gol çekilen üç ýaraşyk bozuldy.
Tas iki aý töweregi dowam eden söweşlerde iki tarapdan hem müňlerçe adamyň öldürilendigine ynanylýar, başga-da müňlerçe adam Daglyk-Garabagy terk etdi.
10-njy noýabrda irden urşuň bes edilmegi boýunça Russiýa we Azerbaýjanyň prezidentleri bilen gelnen üçtaraplaýyn ylalaşygy yglan eden Paşinian munuň “häzirki ýagdaý üçin mümkin bolan iň amatly çözgütdigini” aýtdy.
Premýer-ministr 11-nji noýabrda Facebook sahypasynda göni ýaýlymda eden çykyşynda ylalaşygy goldap, bu resminama “Şuşi bireýýäm synan wagty hem-de Stepanakert gönüden-göni howp astynda wagty” gol çekilendigini aýtdy.
Ol ylalaşygyň etniki ermenileriň ozal gözegçilik eden territoriýasyny olaryň “saklap galmagyna” ýol berýändigini aýtdy.
“Ýaragly güýçleriň Baş ştabynyň hem-de Artsahyň (Daglyk-Garabagyň ermeni ady) prezidentiniň gelen netijelerine görä, Stepanakert gaty gowşak goralýardy ýa-da simwoliki goralýardy. Eger-de Stepanakert synsa, onda biziň müňlerçe esgerimiz gabaw astynda galardy” diýip, Paşinian aýtdy.
Azerbaýjan prezidenti Ylham Aliýewe görä, ylalaşyk Ermenistanyň “boýun bolmagyna” barabar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.