Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda etniki türkmenleriň ýaşaýan sebitlerinde we beýleki ýerlerde howpsuzlyk ýaramazlaşýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Owganystanda ýaramazlaşýan howpsuzlygyň fonunda Dünýä Türkmenleriniň bu sany owgan türkmenleriniň ýüzbe-ýüz bolýan howpsuzlyk aladalaryna gönükdirilýär.

Owganystanyň türkmen ilatly sebitlerinde we beýleki ýerlerde dartgynlylyk barha güýçlenýär. 18-nji noýabrda Azatlyk Radiosy jeňçileriň hüjümlerinde owgan türkmenleriniň görnükli meýdan komandiri, Garamgul etrabynyň polisiýa edarasynyň başlygy Sapa Reýsiň jan penalary bilen bilelikde öldürilendigini habar berdi.

Garamgul etraby Türkmenistan bilen araçäkleşýär we serhetýakada jeňçileriň hereket edýändigi barada maglumatlar bar.

Owgan hökümeti bilen “Talyban” Owganystanda onlarça ýyl dowam eden urşy bes etmek üçin Katarda gepleşik geçirýän wagty ýurt boýunça zorluk artdy. Sentýabr aýynda başlanan gepleşiklerde heniz möhüm öňegidişlik gazanylmady.

Ýurtda ýaramazlaşýan howpsuzlygyň fonunda Dünýä Türkmenleriniň bu sany owgan türkmenleriniň ýüzbe-ýüz bolýan howpsuzlyk aladalaryna gönükdirilýär. Gepleşigimize Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradyny çagyrdyk.

Owganystanda etniki türkmenleriň ýaşaýan sebitlerinde we beýleki ýerlerde howpsuzlyk ýaramazlaşýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:14:59 0:00

XS
SM
MD
LG