Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň wise-premýeri Şamuhammet Durdylyýew keselhana düşdi


 Şamuhammet Durdylyýyw Aşgabat şäheriniň häkimi bolan wagtynda, öýsüz itleri hem pişikleri rehimsiz ýok etmek kampaniýasyna girişen ýolbaşçy hökmünde tanalýar.
Şamuhammet Durdylyýyw Aşgabat şäheriniň häkimi bolan wagtynda, öýsüz itleri hem pişikleri rehimsiz ýok etmek kampaniýasyna girişen ýolbaşçy hökmünde tanalýar.

57 ýaşly Şamuhammet Durdylyýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentligi döwründe syýasy wezipede iň köp saklanan ýolbaşçylaryň biri diýip, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleri ýazýar. Türkmenistan hökümetiniň emeldarynyň keselhana düşmegi barada resmi derejede habar berilmegi häzire çenli görlüp-eşidilmedik ýagdaýdyr.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, 57 ýaşly wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew "ýürek keseli" sebäpli keselhana ýerleşdirilipdir.

Şunuň bilen baglanyşykly Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durdylyýywiň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirmegi Ministrler Kabinetiniň başlygynyň beýleki bir orunbasary Baýramgeldi Öwezowa tabşyrýandygy baradaky permana gol çekdi.

Resmi maglumatda Durdylyýewiň ýürek näsazlygynda nähili ýetmezçiligiň bardygy, onuň ýagdaýynyň nähili derejededigi hem-de haçan keselhana ýerleşdirilendigi takyk aýdylmaýar.

Durdylyýywiň asly Ahal welaýatynyň Bäherden şäherinden. Ol prezident Berdimuhamedowyň jan ynanýan iň ýakynlaryndan biri hasaplanýar. Onuň wezipe basgançagy hut Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň beýgelip başlapdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň gurluşyk işleri baradaky orunbasary wezipesine bellenýänçä, Aşgabat şäheriniň häkimi boldy, Prezident Diwanynyň iş dolandyryjysy hem-de gurluşyk ministri bolupdy.

Aşgabat şäherine ýolbaşçylyk eden döwründe, öýsüz galan itleri hem pişikleri rehimsizlik bilen ýok etmek kampaniýasyna girişip, özüni paýtagtyň ýaşaýjylaryna gözçykgynç bir häkim hökmünde tanatdy.

Adatça Türkmenistanyň hökümeti hem köpçülikleýin habar serişdeleri ýolbaşçynyň keselhana ýerleşdirilendigini, hatda olaryň ölümini-de resmi ýagdaýda habar bermeýärler.

Şu ýylyň 18-nji iýulynda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň 55 ýaşly häkimi Hasan Metkulyýew koronawirus sebäpli pnewmoniýadan ejir çekip ýogaldy. Ýöne onuň ölümi barada ne resmi hökümetler, ne-de köpçülikleýin habar serişdeleri hiç bir maglumat bermedi.

Metkulyýewiň ölüminden bir aýdan gowrak wagt geçenden soň, onuň ornuna Astanogly Seýidow bellendi. Ýöne etrabyň täze ýolbaşçysynyň bellenmegi baradaky habarda hem öňki häkimiň näme bolandygy aýdylmady.

Şu ýylyň tomsunda Turkmen.news neşiri Türkmenistanyň ýokary syýasy gatlagyndan beýleki bir täsirli adam Ýagşygeldi Kakaýewiň COVID-19 sebäpli ýogalandygyny habar beripdi. Azatlyk Radiosy häzire çenli-de öňki wise-premýeriň hem-de prezidentiň maslahatçysynyň ölümi barada ne resmi edaralardan, ne-de Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinden maglumat alyp bildi. Kakaýew gaty köp wagtdan bäri köpçüligiň gözüne ilmeýär. Wikipediýada Kakaýew baradaky makalada, onuň pnewmoniýadan ýogalandygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG