Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň üç raýaty iki ýyl bäri Ukrainada sud edilýär


Solomenskiý etrap sudy, Kiýew

Ukrainada sud edilýän türkmen raýatlary we olaryň aklawçysy Ukrainanyň kazyýetiniň jenaýat işine seretmek prosesini yza süýşürýändigini aýdýarlar. Türkmenistanyň üç raýaty talaňçylykda, adamyň bedenine zeper ýetmekde we watandaşyna degişli awtoulagy ogurlamakda şübhelenip, kazyýetiň kararyna garaşyp, 2 ýyl töweregi tussag astynda saklanýarlar. Bu döwürde aklawçy sud işinde köp sanly hukuk bozulmalarynyň bolandygyny aýtdy.

Kiýewiň Solomenskiý etrap kazyýeti, 20-nji noýabrda geçirilen diňlenişikde Rüstem Açylowyň, Maksat Muhtargulyýewiň we Arslan Çaryýewiň işi barada ýene bir karar çykaryp bilmedi.

Aklawçynyň we günäkärlenýänleriň pikiriçe, kazyýet işi formal görnüşde geçirilipdir, olaryň günäsini subut edýän täze deliller berilmändir.

Suduň diňlenişikden soň çykaran karary, kazyýet işiniň ahyryna çenli günäkärlenýänleri saklanmak şertlerine degişli bolupdyr. Sud prokuroryň 538,000 griwna (19 000 dollar) möçberinde girew almak baradaky talabyny kabul edipdir.

Kiýew şäheriniň Solomenskiý sudunyň Türkmenistanyň raýaty Rüstem Açylowyň sud işi barada 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda çykaran karary
Kiýew şäheriniň Solomenskiý sudunyň Türkmenistanyň raýaty Rüstem Açylowyň sud işi barada 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda çykaran karary

Sud edilýän Rüstem Açylow girewiň mukdary bilen ylalaşmaýar we ony töläp bilmejegini aýdýar. Şonuň üçin ol 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek indiki kazyýet diňlenişigine çenli tussag astynda galmaly bolar.

Üç sany türkmen raýaty talaňçylykda, watandaşynyň bedenine zeper ýetirmekde we oňa degişli awtoulagy ogurlamakda güman edilip, Kiýewdäki deslapky tussaghanada iki ýyl töweregi tussaglykda saklanýarlar. Olara 12 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek howpy abanýar.

Türkmen raýatlarynyň aklawçysy Žanna Gulkonyň sözlerine görä, olaryň işine seredilende köp sanly düzgün bozmalara ýol berlipdir.

"Kazyýet işine garalmagyň şertleri bozuldy. Iki ýyl uzaga çekdirip garamak bilen sud işiniň düzgüne laýyk şertleri bozulýar. Üstesine-de, türkmen dili boýunça terjimeçi hemişe bolmaýar. Bu goranmak hukugyny bozýar" - diýip, aklawçy aýdýar.

Aklawçy prokuroryň sud astyndakylaryň girew astynda boşadylmagyna garşy çykmagynyň we girewiň aşa köp mukdaryny tassyklan suduň kararyny esassyz hasaplaýar.

"Şeýle hem prokuror tarapyndan düzgün bozmalara ýol berildi. Ol töwekgelçilikler, ýagny sud edilýänleriň gizlenmegi, zyýan çekene we şaýada täsir edip bilmegi, islendik subutnamany ýok edip bilmegi barada gürrüň edýär. Birinjiden, olar zyýan çekene täsir edip bilmeýär. Zyýan çeken adamyň özi sud astyndakylaryň boşadylmagyny sorady. Prokuratura we kazyýet zyýan çeken adamyň nukdaýnazaryny göz öňünde tutmaýarlar. Bu düzgüniň bozulmagy. Ukrainanyň jenaýat-prosesual kanunçylygyna laýyklykda, zyýan çeken adamyň nukdaýnazary göz öňünde tutulmaly. Eger zyýan çeken adam sud edilýäni tussag etmegi soramasa sud muny göz öňünde tutmalydyr"- diýip aklawçy Žanna Gulko aýtdy.

Prokuror Irina Ramus Azatlyk radiosyna düşündiriş bermekden saklandy. Sud diňlenişigine gatnaşan Kiýewiň Solomenskiý kazyýetiniň sekretary Omelçenko Ý. hem düşündiriş berip bilmejegini aýtdy.

Aklawçy Žanna Gulko anna günki sudda prokuroryň aýyplanýanlaryň subutnamalary gizlär we ýok eder diýen aýdanlaryny esassyz hasaplaýar, sebäbi ähli kazyýet materiallarynyň prokuraturada we sudda saklanýandygyny belleýär.

Ilýas Emirowyň Kiýewiň prokuraturasyna prokuror Irina Ramusyň adyna ýollan arzasy
Ilýas Emirowyň Kiýewiň prokuraturasyna prokuror Irina Ramusyň adyna ýollan arzasy

Derňew astyndaky Rüstem Açylow öz watandaşy Ilýas Emirow bilen bolan konfliktiň doly çözülendigini aýtdy. Ilýas Emirow öz watandaşlaryna garşy hiç hili şikaýatynyň ýokdugyny aýdyp, prokuratura iki gezek resmi taýdan ýüz tutupdyr.

Kiýewiň prokuraturasyna prokuror Irina Ramusyň adyna iberen hatynda Ilýas Emirow günäkärlenýän Açylowdan maddy we ahlak taýdan dawasynyň ýokdugyny habar berýär, öz aralarynda doly ýaraşyga gelnendigini göz öňünde tutmagy soraýar we döwlet prokuraturasynyň öňe sürýän aýyplamalaryny mundan beýläk özüniň goldamaýandygyny mälim edýär.

Şol bir wagtyň özünde, 2 ýyl töweregi wagt bäri Ukrainada derňew astynda galýan türkmenler Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan özlerine howandarlyk edilmegine degişli umytdan el çekmeýärler. Iki ýylyň dowamynda Kiýewde netijesiz geçirilen 20 çemesi sud diňlenişiginiň hiç birine Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanadan hiç kim gatnaşmandyr.

Rüstem Açilowyň sözlerine görä, ol ilçihana ýüzlenip, jaň edende oňa kömek edip bilmejekdigi aýdylypdyr.

Türkmen raýatlary Rüstem Açylowyň, Maksat Muhtarkulyýewiň we Arslan Çaryýewiň Kiýewiň deslapky tussaghanasynda saklanýandygy barada garaşsyz turkmen.news neşir tarapyndan 13-nji noýabrda çap edilen maglumatdan soň, Türkmenistanda olaryň garyndaşlaryna migrasiýa gullugynyň wekilleri jaň edipdir we öýlerine baryp, maşgalasyndan maglumat we dokument berilmegini sorapdyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG