Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azerbaýjan güýçleri Dagly-Garabag ýaraşyk şertnamasy astynda Ermenistandan yzyna alnan ikinji sebite girýär


Dagly-Garabag, Kalbajardan gelýän ýoldaky dykyn. 14-nji noýabr, 2020

Kawkazdaky iň täsirli sebit güýçleri bolan iki ýurduň, Russiýanyň we Türkiýäniň ýaraşyk şertnamasynyň çäginde türk parahatçylyk goraýjylarynyň mümkin bolan roly babatda o diýen ylalaşmaýandygy aýdylýar.

Azerbaýjan güýçleri, Dagly-Garabag üstünde birnäçe hepde dowam eden söweşleri bes eden şertnamanyň çäginde, Ermenistanyň yzyna berýän üç etrabynyň ikinjisine girdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 25-nji noýabrda, Ermenistan, Azerbaýjan we Russiýa tarapyndan şu aýda gol çekilen şertnama laýyklykda, Azerbaýjan goşunynyň bölümleriniň Karwaçara girendigini aýtdy (Azerbaýjanlylar bu sebiti Kalbajar raýony diýip atlandyrýar).

Dagly-Garabag bilen Ermenistanyň arasynda ýerleşýän Kalbajar ilkibaşda 15-nji noýabrda tabşyrylmalydy, ýöne bu möhlet ynsanperwrçilik sebäpleri esasynda, Azerbaýjan tarapyndan yza süýşürildi.

"Goşun bölümlerimiziň bu ugurdaky hereketini üpjün etjek inženerçilik işleri tamamlandy. Goşun hereketiniň ugrundaky kyn dag ýollary minalardan arassalanýar we ulanmaga taýýarlanýar" diýip, ministrligiň beýanynda aýdylýar.

Fotosuratlar we wideolar günüň dowamynda görkeziler diýip, ministrlik aýtdy.

Ermenistan üç onýyllyga golaý wagt bäri Ýerewanyň gözegçiliginde bolan Dagly-Garabag sebitiniň üç etrabyny - Agdamy, Karwaçary we Laçyny iki hepde ozal gol çekilen we bölüniji sebit üstünde tutatşan alty hepdelik urşy togtadan şertnama esasynda yzyna tabşyrmaga razy boldy.

Agdam 20-nji noýabrda yzyna berildi we Laçyn 1-nji dekabra çenli yzyna tabşyrylmaly.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen geçiren aýry-aýry telefon gepleşiklerinde rus araçylygynda baglaşylan şertnamanyň durmuşa geçirilmegi barada maslahat edildi diýip, Kreml 24-nji noýabrda aýtdy.

Rus prezidenti Wladimir Putin
Rus prezidenti Wladimir Putin

Üç lider Dagly-Garabagyň halkyna ynsanperwer kömegini bermek we ykdysady meseleler, şeýle hem sebitdäki ulag aragatnaşygynyň gaýtadan açylmagy barada pikir alyşdy diýip, Kremliň beýanatynda bellenýär.

Russiýanyň ýokary derejeli hökümet wekilleri, hökümet başlygynyň iki orunbasary, şol sanda goranmak ministri Sergeý Şoýgu we daşary işler ministri Sergeý Lawrow hepdäniň aýagynda Ýerewana we Bakuwa sapar etdi.

"Olar rus parahatçylyk goraýjylarynyň Dagly-Garabag sebitinde alyp barýan işleri we ilata berilýän ynsanperwer kömegini ilertletmek bilen gyzyklandy" diýip, beýanatda aýdylýar.

Şeýle-de liderleriň "ykdysady gatnaşyklar we sebitdäki ulag aragatnaşygyny açmak" meselelerini gogazndygy aýdyldy, emma bu barada goşmaça maglumat berilmedi.

Müňlerçe adamyň ölmegine sebäp bolan 30 ýyllyk çaknyşygyň çägindäki söweşiň bes edilmegine getiren ýaraşygyň çäginde, şu aýyň başynda 2000-e golaý rus esgeri Dagly-Garabaga we onuň töweregindäki sebitlere ýerleşdirildi.

Şertnamada taraplaryň söwda üçin özara serhetlerini gaýatdan açmagy hem nazarda tutulýar, ýöne munuň anyk wagt möhletleri bellenmedi.

Putin 24-nji noýabrda telefonda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen hem Dagly-Garabag barada maslahat etdi diýip, Kreml aýtdy.

Kawkazdaky iň täsirli sebit güýçleri bolan iki ýurduň, Russiýanyň we Türkiýäniň ýaraşyk şertnamasynyň çäginde türk parahatçylyk goraýjylarynyň mümkin bolan roly babatda o diýen ylalaşmaýandygy aýdylýar.

Russiýanyň hem Ermenistan, hem Azerbaýjan bilen giň gatnaşyklary bar, emma Ýerewana howpsuzlyk kepilliklerini hem berýär, Türkiýe bolsa Ýerewan bilen uzak wagtlap duşmançylyk edýän Azerbaýjanyň berk ýarany bolup durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG