Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň häkimiýetleri telekeçilerden pul ýygnap, Niçkanyň ýaşaýjylaryna köne konteýnerleri ugratdy


Suw basan oba
Suw basan oba

Marynyň häkimiýetleri suw joşmasyndan zyýan çeken Niçka obasynyň ýaşaýjylaryna kömek etmek üçin diýip, ýerli telekeçilerden pul ýygnady. Ýöne resmiler Niçkanyň ýaşaýjylaryna gyş aýlarynda kadaly ýaşamaga şertleri bolmadyk dört sany köne wagon konteýner ugratdylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji noýabrda Mary welaýatyndan habar berdi.

Soňky günlerde Marynyň Baýramaly we Türkmengala etraplarynyň häkimiýetleri, habarçymyzyň tassyklamagyna görä, ýerli kiçi telekeçileriň her birinden 600-1000 manat we uly önüm öndürýän telekeçilerden 3000-4000 manat pul toplap aldy.

"Etrap resmileri bu puluň sadaka hökmünde ýygnalýandygyny we oňa Nikça obasynyň ýaşaýjylaryna ýaşamak üçin wagon konteýner satyn alnyp ugradyljakdygyny aýtdylar" diýip, baýramalyly telekeçileriň biri anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Ýatlatsak, 14-nji ýunda Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy Garagum kanalynyň joşandygyny we Türkmengala etrabynda ýerleşýän “Zähmet” daýhan birleşigine degişli Niçka obasynda 60-a golaý hojalygyň ýaşaýyş jaýyny suw basyp, bir topar zaýaçylyga sebäp bolandygyny habar beripdi.

Şondan soň Azatlygyň habarçylary aradan ençeme aýyň geçip, sowuk güýz günleriniň ýetip gelendigine garamazdan, türkmen häkimiýetleri tarapyndan Niçka obasynyň ýaşaýjylaryna hiç hili kömek edilmeýändigini ençeme gezek habar berdiler.

Telekçileriň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy pul ýygnalandan soň, Niçka 4 sany köne konteýneriň eltilendigini, ýöne olaryň hemişelik ýaşamak üçin däl-de, gurluşyk firmalarynyň işgärleri üçin niýetlenen konteýnerlerdigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, her konteýnere 2 hojalyk ýerleşdirýärler. Onuň girelgesi ortadan açylyp, iki tarapa bölünen girelgäniň ululygy 1,5 metre barabar. Onuň her tarapynda bir otag bolup, olaryň uzynlygy 3 metre, ini 2,5 metre deň. Her otagda iki gatly iki sany demirden ýasalan krowat bar.

"Bir otagda 4 adam ýatar ýaly edipdirler. Her otaga bir sany plastik penjire oturdylypdyr. Käbirinde şol hem ýok. Konteýneriň poluna köne linoleum düşelipdir. Ondan hazzyldap şemal geçýär. Konteýneriň içi buz ýaly sowuk. Onda gyş üçin hiç hili şert ýok, peç ýok, tok ýok. Çagalary bu ýerde ýatyrar ýaly däl" diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran Niçkanyň bir ýaşaýjysy habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, konteýnerleri alyp baran resmiler bulardan ýene ýedi sanysynyň getiriljekdigini aýdyp, ondaky kemçilikleri ýaşaýjylaryň özleriniň abatlamalydygyny hem belläpdirler.

"Biz ilkibada begendik. Emma konteýnerleri getirip düşürenlerinde, olary görüp gaty gynandyk. Bize muny berenlerinden bermänleri gowy. Sebäbi indi hökümet bize ýaşamaga şertiň döredilendigini aýdar. Ýöne hakykatda onda ýaşar ýaly däl. Konteýnerlere hiç kim ýerleşmedi. Biz gyş geçýänçä goňşularymyzda ýaşamagy dowam etdireris" diýip, jaýy suw joşmasynda weýran bolan ýaşaýjy belledi.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Mary welaýat, Baýramaly we Türkmengala etrap häkimlikleri bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ençeme sebitine sil suwlary geldi. Munuň netijesinde müňlerçe ýaşaýyş jaýyna we durmuş maksatly desgalara zeper ýetip, müňlerçe adam maddy zyýan çekdi.

Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda bolýan tebigy hadysalar, adam we maddy ýitgiler hakynda adatça dymyp, bu barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG