Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harasat: Kiprde ýaşaýan türkmenler protest geçirdi, häkimiýetler telekeçilerden pul soraýar


Kiprde ýaşaýan türkmen raýatlary protest geçirdiler
Kiprde ýaşaýan türkmen raýatlary protest geçirdiler
  • Kiprde ýaşaýan türkmen raýatlary resmi Aşgabadyň mundan iki hepde töweregi ozal Lebapda we Maryda turan tebigy harasatda ejir çekenlere hemaýat bermeýändigine nägilelik bildirip, protest geçirdiler.
  • Türkmen häkimiýetleri Lebapdaky harasatda ejir çeken ilata hökümet derejesinde hemaýatyň berilip-berilmeýändigi barada dymýan, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň meýletin toplan ýardam pullaryny paýlatmaýan pursady, ýurduň edara-kärhanalaryndan dikeldiş işleri üçin pullaryň tutuljakdygyny duýdurýar.
  • Lebap welaýatynyň käbir sebitlerinde iki hepde töweregi ozal turan weýrançylykly harasatyň netijeleri heniz hem aradan aýrylmady. Hökümetiň ýardam bermeýändigini aýdýan ilat, tebigy hadysanyň netijeleri bilen öz hasaplaryna göreşmeli bolýandygyny belleýär.
  • Russiýanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň 1 müň tonna golaý ugradan muzdsuz kömegine minnetdarlyk bildirdi. Maglumata görä, Lebapdaky harasatdan bir hepde soňra ugradylan bu gumanitar kömegiň düzüminde Türkmenistanyň özünde gyt harytlara öwrülen serişdeler, şol sanda azyk önümleri, gurluşyk materiallary hem bar.

11-nji maýda Kiprde ýaşaýan türkmen raýatlary, Lebap we Mary welaýatlarynyň tebigy harasatdan ejir çeken ilatyna hemaýatyň berilmegini talap edip, protest çäresini geçirdiler.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň welaýatlarynyň atlary, şeýle-de “Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halka kömek et!!!” ýazgyly plakatlary saklap, 27-nji apreldäki harasatdan bäri iki hepdeden hem köp wagtyň geçendigine garamazdan, türkmen häkimiýetleriniň ejir çeken ilata hemaýat bermeýändigine nägilelik bildirdiler.

Ýatlatsak, mundan öň türkmen raýatlary adam pidaly tebigy harasatda ýogalanlara gynanç bildirip, Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňüne hem plakatly çykypdylar.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri 27-nji aprelde ýurduň gündogar sebitlerine gelen weýrançylykly harasatyň netijelerini aradan aýyrmak üçin, ýurduň dürli künjegindäki telekeçilerden pul soraýar, beýleki döwlet-edara kärhanalaryndan hem maliýe serişdeleriniň tutulyp galynjakdygyny duýdurýar.

“Geçen hepde Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde ýerli resmiler hususy telekeçiler bilen ýygnak geçirip, Lebapdaky harasatyň öwezini dolmak üçin pul tabşyrmaklaryny soradylar. Telekeçiler işeriniň onsuz hem agyr gidýändigini nygtap, pul bermäge ýagdaýlarynyň ýokdugyny aýtdylar” diýip, balkanly telekeçileriň biri bilen söhbetdeş bolan Azatlygyň ýerli habarçysy gürrüň berdi.

Howpsuzlyk sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran habarçy häzirki pursat telekeçileriň ýerli häkimligiň olara basyş etjek bolup, dükanlaryny we firmalaryny ýapmak, býurokratik päsgelçilikleri döretmek ähtimallyklaryndan howatyr edýändiklerini hem sözüne goşdy.

Ýatlatsak, geçen hepde şeýle haýyş bilen Aşgabatdaky Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hem ýüz tutulypdy. Şonda telekeçiler muny “uly höwes bilen goldasalar-da”, ýolbaşçylar beriljek kömegiň birleşmäniň ýa-da oňa agza telekeçileriň adyndan däl-de, diňe döwletiň adyndan gowşurylmagyna rugsat beriljekdigini duýdurypdylar.

Munuň bilen birlikde, Balkanyň döwlet edaralarynyň býujetlerinden, şol sanda mekdeplerden, polisiýadan, prokuraturadan hem Lebapdaky tebigy harasat bilen baglylykda pullaryň tutulyp galynjakdygy duýdurylýar.

“Welaýatyň ähli etraplarynyň pudak we bank hasapçylaryny Balkanabada ýygnap, degişli edaralaryň býujetlerinden maliýe serişdelerini tutup galmak barada görkezme berildi” diýip, habarçy 12-nji maýda gürrüň berdi.

Bu maglumatlar boýunça ýerli welaýat we şäher häkimliklerinden kommentariýa almak başarmady.

Türkmen häkimiýetleri azyndan 30 adamyň ölümine sebäp bolan tebigy hadysanyň weýrançylykly netijelerini aradan aýyrmak üçin telekeçilerden, döwlet edara-kärhanalaryndan maliýe serişdelerini soraýan pursady, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň meýletin ýygnan ýardam pullarynyň ejir çeken ilata gowşurylmagyna rugsat bermeýär.

Bu aralykda, apy-tupandan bäri iki hepde töweregi wagt geçse-de, Lebap welaýatynyň ençeme sebitinde heniz hem elektrik togunyň ýola goýulmandygy bellenilýär. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň 11-nji maýda çap eden maglumatynda bellenilşi ýaly, Çärjew etrabynyň Jeýhun daýhan birleşiginiň Balykçy obasynda adamlar elektrik üpjünçiligini ýola goýmak üçin her hojalykdan 200 manat möçberinde pul toplapdyrlar.

Neşiriň maglumatyna görä, mundan öň oba ýaşulularynyň etrap häkimligine eden haýyşy netije bermändir. Resmiler ‘merkezden transformator ýollananda, şonda hem toguňyz bolar’ diýip, jogap beripdirler.

Lebapdaky ilatyň weýrançylykly harasatyň netijeleri bilen birlikde, ýiti azyk gytçylygy we maliýe ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan mahaly, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy harasatdan soňky bir hepdäniň dowamynda Owganystana we Russiýa gumanitar kömek ýollady.

10-njy maýda Russiýanyň Daşary işler ministrligi beýanat ýaýradyp, onda Türkmenistana muzdsuz beren 1 müň tonna golaý gumanitar kömegine minnetdarlyk bildirdi. Maglumatda bellenilşi ýaly, iberilen harytlaryň arasynda azyk önümleri, gurluşyk serişdeleri hem bar.

Galyberse-de, düzüminde azyk harytlary, gök we miwe önümleri, towuk ýumurtgasy hem bolan Owganystana iberilen ýüki “Talyban” jeňçileri talapdy.

Resmi Aşgabat weýrançylykly tebigy hadysa we adam ýitgileri barada dymýan wagtynda düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy 4-nji maýda türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan beýanat çap etdi.

XS
SM
MD
LG