Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan soňky Daglyk-Garabag söweşinde 3000 töweregi esgeriniň öldürilendigini aýdýar


Bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde turan söweşde öldürilen bir azerbaýjan esgerini jaýlamak çäresinde tabyda ýapyşyp aglaýan aýal. 30-njy sentýabr.
Bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde turan söweşde öldürilen bir azerbaýjan esgerini jaýlamak çäresinde tabyda ýapyşyp aglaýan aýal. 30-njy sentýabr.

Baku 44 günlük konfliktiň pidalarynyň anyk sanyny ilkinji gezek çap etdi. Azerbaýjan resmileriniň aýtmagyna görä, Dagly-Garabag üstünde etniki ermeni güýçleri bilen bolan soňky söweşde 2800-e golaý azerbaýjan esgeri öldürildi.

Goranmak ministrliginiň 3-nji dekabrda ýaýradan sanlary Orsýet tarapyndan araçylyk edilmegi netijesinde gol çekilen we Azerbaýjanyň bir bölegi bolup durýan, emma 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri etniki ermenileriň gözegçiliginde galýan dawaly territoriýa üstünde turan söweş gutarandan üç hepde töweregi soň çap edildi.

27-nji sentýabrda başlanan söweş 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri bolan iň erbet çaknyşyk boldy we azerbaýjan güýçleriniň daglyk sebitiň we töwerekdäki etraplaryň köpüsine gözegçilik etmegi bilen tamamlandy.

Goranmak ministrligi çaknyşykda esgerleriniň we ofiserleriniň 2773-siniň öldürilendigini, 100-den gowrak harby işgäriň dereksiz ýitendigini we henizem tapylmaýandygyny, 1245 harby gullukçynyň ýaralanandygyny aýtdy.

Ermenistanda Saglyk ministrliginiň işgärleri Azatlyk Radiosyna 2718 harby gullukçynyň jesetleriniň lukmançylyk işgärleri tarapyndan barlanýandygyny we jesetleriň arasynda azerbaýjan esgerleriniň jesetleriniň hem bolup biljekdigini aýtdy.

Dagly-Garabag welaýatynyň administrasiýa işgärleri ozal şu wagta çenli 1741 esgeriň we ofiseriň jesediniň tapylandygyny aýtdylar. Bu san Ermenistanyň Saglyk ministrliginiň görkezijisini öz içine alýar.

Sebit üstünde söweş Sowet Soýuzynyň gowşaýan döwürlerinde, 80-nji ýyllaryň aýaklarynda başlady. 1994-nji ýylda tamamlanan uruşda 30 müňden gowrak adam öldürildi we aglabasy etniki azerilerden ybarat 1 miliondan gowrak adam ýaşaýan ýerlerinden göçmeli boldy.

Sebit halkara derejesinde Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilse-de, oňa etniki ermeniler gözegçilik edýärdi.

Russiýanyň araçylygynda gazanylan ýaraşyk ylalaşygyna gözegçilik etmek üçin Russiýa sebite 2 müň töweregi parahatçylyk goraýjylaryny iberdi. Ýöne ylalaşyk sebitiň hukuk durumy baradaky soraglary netijelendirmedi.

Söweşiň soňy köp ermeni üçin kemsidiji boldy. Ýaraşyk ylalaşygyna gol çekilmegi Ýerewanda köçe protestlerine sebäp boldy we bu protestler premýer-ministr Nikol Paşiniýanyň hökümetine howp abandyrdy.

Ýöne Azerbaýjanda bu ylalaşyk uly ýeňiş hökmünde kabul edildi. Prezident Ylham Aliýewiň edarasy Azerbaýjan goşunlarynyň simwoliki ähmiýetli strategik Şuşa şäherini yzyna alan gününiň, 8-nji noýabryň, her ýyl Ýeňiş baýramy hökmünde belleniljekdigini yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG