Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Nurbatlar towlansa gerek". Kreml saýlawlaryň öň ýanynda kanunlary nähili berkidýär


Soňky ýyllarda Russiýanyň hökümeti protest aksiýalary geçirmegi hem pikir-garaýyşlary aýtmagy çäklendirýän kanunlary köpeldensoň, rus oppozisiýasynyň ýagdaýy ýaramazlaşyp başlady.
Soňky ýyllarda Russiýanyň hökümeti protest aksiýalary geçirmegi hem pikir-garaýyşlary aýtmagy çäklendirýän kanunlary köpeldensoň, rus oppozisiýasynyň ýagdaýy ýaramazlaşyp başlady.

Orsýetiň oppozisiýa topary açyk ýygnaklary hem protest çärelerini geçirmek üçin, ähli güýçler hem kanun aktlary öz elinde saklaýan döwlet güýçlerinden sowa hereket etmäge çalyşýar. Ýöne kanuna girizilýän soňky üýtgeşmeler oppozisiýanyň edýän hereketlerine düýpli howp abandyrýar.

2014-nji ýylda rus hökümeti köçelerde rugsat berilmedik mitingleri geçirmegi gadagan etdi. Aktiwistler bolsa uly şäherlerde «gezelenç» diýlip atlandyrylýan çäreleri gurnap ýa-da «kepderileri naharlaýarys» diýip, merkezi meýdançalarda ýygnanyşyp, öz pikir-garaýyşlaryny hem närazylygyny mälim edip başladylar. Köplenç halatda oppozisiýa toparlary tarapyndan guramalaşdyrylýan beýle hereketler ýa-da köpçülik protestleri polisiýa tarapyndan bikanun çäre hökmünde ýowuz basylyp ýatyrylýar. Protestçiler hökümet jaýynyň öňüne toplanyp, biri-birini goldap durdular ýa-da ýekelikde piket geçirdiler, sebäbi Orsýet kanunyna laýyklykda köçede diňe bir adamlyk pikete rugsat edilýär.

“Käbir graždanlaryň oýlap tapýan zady örän ýokary çäkde” diýip, «Kommersant» gazetinde deputat Dmitriý Wýatkin öz garaýşyny aýtdy.

Wýatkin hem beýleki Kremli goldaýjy kanun çykaryjylar geljek ýylda Russiýanyň Döwlet Dumasyna – parlamente geçirilmeli saýlawlaryň öň ýanynda, şeýle bir kanun aktlaryny öňe sürüp, rus oppozisiýasyna protest üçin nähilidir bir ýol tapmak mümkinçiliklerini örän daraldýarlar.

Ýekelikdäki piket – Russiýada iň giň ýaýran protest görnüşidir.
Ýekelikdäki piket – Russiýada iň giň ýaýran protest görnüşidir.

Wýatkin tarapyndan hödürlenen kanun taslamasynda piketleri geçirmek edil demonstrasiýa ýaly, kanuny däl hasaplanýar, güýç ulanyjy edaralaryň alynda aksiýa geçirmek gadagan edilýär hem daşary ýurt serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilen demonstrasiýalary guraýjylaryň jenaýat jogapkärçiligine çekilmelidigi aýdylýar. Öňe sürülýän bu üýtgeşmeler Kreml tankytçylary tarapyndan tankytlanyp, oňa graždan aktiwistleriň hereketiniň has beter çäklendirilmesi hökmünde baha berildi.

«Trend – bu meýil, göwnüme bolmasa, örän aýdyň – diýip, oppozisiýadaky syýasatçy Dmitriý Gudkow «Häzirki zaman» kanalyna beren interwýusynda aýtdy. — Bolýar diýeli, siz bize dem almagy gadagan edýäňiz, siz bize iýmegi gadagan edýäňiz, siz bar zady gadagan edýäňiz – soňra näme? Graždan jemgyýetçiligi munuň barysyna çydamaly bolarmy? Elbetde, ol muňa çydamaz».

Kreml öňki Sowet Soýuzynyň çägini öz täsirindäki giňişlik hasaplap gelýär. Soňky aýlarda bolsa ol giňişligi köpçülikleýin syýasy protestler gurşap aldy. Belarusda dörän köpçülikleýin protestler ýöriteleşdirilen harby güýçler tarapyndan basylyp ýatyrylýar. Azerbaýjan hem Ermenistan arasynda Daglyk Garabag üstünde başlanan uruşlar Moskwanyň araçyllyk etmeginde tamamlandy. Orsýetiň öz içinde bolsa demonstrasiýalaryň sany artýar hem protestleriň çägi giňäp barýar. Her günde diýen ýaly Uzak Gündogardaky Habarowsk şäherinde adamlar proteste çykýarlar. Paýtagtda hem syýasy ýagdaýyň durnuksyzdygy duýulýar. Syýasy bilermenleriň aýtmagyna görä, Kreml “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň abraýynyň peselýän wagtynda, syýasy ýagdaýlara öz gözegçiligini saklamak maksady bilen kanunlary has ýowuzlaşdyrmak çäresinden gaça durmaga çalyşýar.

«Munuň barysy Döwlet Dumasyna saýlawlara taýýarlyk — diýip, Kremliň öňki resmisi, häzirki wagtda syýasy konsultant Abbas Gallýamow aýdýar. — Kreml nurbatlary berk towlamasa, ýeňiş gazanyp bilmez».

Bulardan daşary-da, Orsýet parlamentinde ‘daşary ýurt agentleri’ diýilýän kanun proýektine seredilýär. Bu ýerde Kreml daşary ýurtlardan maliýe kömegini alýan toparlary nazarda tutýar. Eger-de ol kanun kabul edilse, onda «daşary ýurt» agenti bilen gatnaşygy bar diýlen ýönekeý bir bahana bilen islendik syýasatçyny yzarlap hem onuň haýsydyr bir wezipeli orun almagyna böwet döredip bilerler.

«Munuň özi Russiýadaky liberal oppozisiýany gadagan etmek» diýip, teklip edilýän kanun proýekti bilen tanşan, syýasaty öwreniji Tatýana Stanowaýa Telegram'da ýazdy.

Geçen ýylyň tomsunda Moskwada ýerli organlara geçirilýän saýlawlara garaşsyz kandidatlaryň gatnaşmagynyň gadagan edilmegine närazylyk bildirip, örän köp sanly miting gurnalypdy. Ol mitingler polisiýa güýçleri tarapyndan ýowuz güýç ulanylyp dargadyldy, garşy duruş çärelerine gatnaşyjylardan köpüsi sud jogapkärçiligine çekildiler. Öz kandidaturasyny hasaba aldyryp bilmediklerden biri Ýuliýa Galýamina häzirki kanun proýekti şeýle protest aksiýalarynyň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin taýýarlanýar diýip aýdýar. Ol kanun çykaryjylaryň bu üýtgetmesini döwlet tarapyndan «dowla düşmek akty» diýip häsiýetlendirdi.

«Munuň özi paýhasly pikir ýöredeniňe laýyk gelmeýär – diýip, Ýuliýa Galýamina Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly gürleşende aýtdy. – Sebäbi ol kanunlar biziň hökümetimizi saklajak kanun däl».

Ol proýektler kanuna öwrülen ýagdaýynda, hökümet aýdylýan nägilelikleri basyp ýatyrmak hem köpçülikleýin ýygnaklary dargatmak üçin, has giň mümkinçilik gazanýar. Russiýa häzirden ýokary derejeli wezipe eýelerini tankyt edýän graždanlary yzarlap bilýär. Eger beýleki bir maslahat edilýän kanun akty kabul edilen ýagdaýynda, «mekdepde sapak wagtynda ýa-da aň-bilim çäreleri geçirilende, Konstitusiýa garşy hereketleri oýaryjy täsiri ulanan» mugallymy mekdepden kowmaga mümkinçilik döreýär. Ol proýekt prezident Wladimir Putin tarapyndan umumy milli referendum geçirmek ideýasy öňe sürlenden hem jemgyýetde garşylykly pikirleriň döremeginden soňra taýýarlandy.

Häzirki wagtda maslahat edilýän kanun aktlarynda; ýurduň öňki prezidentine eldegrilmezlik kepilligine, ýagny Putin wezipeden çekiläýen ýagdaýynda, ony jogapkärçilige çekmezlik baradaky kanun proýektlerine seredilýän döwürde, geçirilýän protestleriň guramaçylaryny jenaýat jogapkärçiligine çekmek çärelerini göz öňünde tutýar. Putiniň wezipe ygtyýarlygy 2024-nji ýylda tamamlanýar. Ýöne şu ýylky konstitusiýa girizilen üýtgeşme esasynda, oňa ýene iki gezek alty ýyllyk möhlete prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmaga hukuk berilýär.

Putiniň hökümetiniň öz abraýyny ýitirýän we oňa garşy açyk protestleriň bolýan döwründe, şeýle gapma-garşylykly kanun proýektlerine seredilýär. Şu ýylyň sentýabr aýynda, düýbi Moskwada ýerleşen, hökümete garaşly bolmadyk «Sosial we zähmet hukuklary merkeziniň» geçiren barlaglarynda aýdylyşa görä, 2020-nji ýylyň 1-nji ýarymynda ýurtda müňe golaý uly derejedäki protestler geçirilipdir, munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilenden, 95 san köpdür.

Häzir syýasy aktiwist Ýuliýa Galýamina garşy sud derňewi geçirilýär, birnäçe gezek bikanun mitinglere gatnaşandygy üçin, ony bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etmekleri mümkin. Parlamentden geçýän täze kanun aktlary jemgyýetçilik aktiwistleriniň öňünde agyr jogapkärçiligi goýmagy göz öňünde tutýar. Şeýle-de bolsa, Ýuliýa Galýamina milletiň närazylyk derejesi ýokary çäge ýetse, köpçülikleýin tolgunyşyklaryň öňüni hiç bir kanunyň alyp bilmejekdigine ynanýar.

«Eger närazy bolýanlar ýeterlik köp bolsa, köçä çykmaga hiç zat päsgel bermez» diýip, ol aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG