Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistanda çagasyny 17 müň dollara satan aýal bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi 


Özbegistanda aýallaryň öz çagasyny satýan halatlary häli-şindi ýüze çykýar. 

Özbegistanyň Syrderýa welaýatyndan bolan bir aýal çagasyny 17 müň amerikan dollaryna satandygy üçin, bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Azatlyk Radiosynyň mundan öň habar berşi ýaly, 1995-nji ýylda doglan A.U. atly aýal şu ýylyň 21-nji iýulynda bir ýaşy dolan çagasyny 17 müň amerikan dollaryna aralykçy roluny oýnan «ýörite hyrydara» satýan wagtynda, organ işgärleri tarapyndan saklanypdy.

Özbegistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň Syrderýa welaýat kazyýetinden alnan maglumatlara salgylanyp berýän habaryna görä, sud diňlenişiginde, ol aýal özüniň günälidigini boýun alypdyr. Ol Özbegistan Respublikasynyň Jenaýat kodeksiniň 135-nji («Adam söwdasy») maddasy esasynda günäli bilnip, bäş ýyl azatlykdan mahrum edilipdir.

Özbegistanda eneleriň öz kiçi ýaşly çagasyna satmagy indi seýrek ýagdaý däl.

Özbegistanyň Aliý Mejlisiniň adam söwdasyna hem mejbury zähmete garşy göreş baradaky Milli komissiýasynyň 4-nji dekabrda bolan ýygnagynda, senatyň başlygy Tanzila Narbaýewa soňky üç ýylyň dowamynda ata-eneleriň 114 çagany satandygyny aýtdy. Satylan çagalaryň 89%-i bir ýaşyna ýetmedikler bolupdyr.

T. Narbaýewanyň analizlere salgylanyp beren maglumatyna görä, öz çagasyny satan aýallaryň 31%-i çykgynsyz sosial ýagdaý sebäpli şeýle işe baş

goşupdyr. Olardan 17%-i bolsa göwreli bolanyny ýaşyrmak üçin, çagasyny satypdyr. Galan 52%-i bolsa öz maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, şeýle ýola ýüz urupdyr.

Material Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG