Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdep okuwçysyny zorlanlar aklanandan soň, gyrgyzlar zorluga garşylyk görkezdi


Bişkek. Protestçiler aýallara garşy sorlugyň bes edilmegine çagyrýar. 12-nji dekabr, 2020.
Bişkek. Protestçiler aýallara garşy sorlugyň bes edilmegine çagyrýar. 12-nji dekabr, 2020.

Gyrgyzlar golaýda 13 ýaşly mekdep okuwçysyny gaýta-gaýta zorlamakda aýyplanan erkekler aklanandan soň, jynsy zorlugyň başyna goýberilmegine hem-de bu hili jenaýata baş goşanlaryň kazyýetde jezasyz galmagyna gahar-gazap bildirýär.

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde 12-nji dekabrda geçirilen ýöriş BMG-niň her ýyl bütin dünýäde jynsy zorluga garşy guraýan 16 günlük kampaniýasynyň çäginde geçirildi.

Sowuk howada geçirilen ýöriş kazyýetiň Yssykköl sebitinde 13 ýaşly mekdep okuwçysyny zorlamakda güman edilýän üç adamyň ikisiniň aklanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Zorlanlaryň birinden göwreli bolup, çagasyny aýyrtmaly bolan gyz psihologiki trawma merkezinde galýar.

Maşgalasynyň aýtmagyna görä, üç adam ony alty aýlap zorlapdyr, surata düşüripdir we wideolary klasdaşlaryna görkezjekdiklerini aýdypdyr.

“Görnüşi ýaly, bu ýerde adalat ýok. Meniň gyzym ölmek isleýändigini aýdýar” diýip, zorlanan gyzyk kakasy Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň “häzirki zaman” telekanalyna aýtdy.

Gyrgyzystanda jynsy zorluk giň ýaýran diýip bilinýär.

Gyrgyzystanyň garaşsyz habar saýty “Kloop” aýallaryň dörtden bir böleginiň maşgala zorlugyndan ejir çekýändigini görkezýän pikir soramalaryň maglumatlaryny mysal getirdi. Bir pikir sorama Gyrgyzystanda her üç aýaldan biriniň äriniň aýalyny urmak üçin esasly sebäpleriň bardygyna ynanýandygyny görkezdi.

Amerikan aklawçylar birleşigi 10-njy dekabrda çap eden hasabatynda Gyrgyzystanyň hukuk ulgamynyň aýal-gyzlary goramagyň deregine olaryň adalaty gazanmak tagallalaryna işjeň ýagdaýda päsgel berýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG