Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlaw seçgisiniň golaýlamagy bilen, Tramp goldawçylary Waşingtonda protest bildirdi


Protestçiler.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň birnäçe müň tarapdary Waşingtonda ýygnanyp, 3-nji noýabrda geçirilen we demokrat Jo Baýdeniň ýeňşi bilen tamamlanan prezident saýlawlarynyň netijelerine garşylyk görkezdi.

12-nji dekabrda Nýu-Ýorkuň West Point şäherinde oýnalýan futbol oýnuna gatnaşmaga barýan Donald Tramyň resmi prezident dikuçary protestçi märekäniň üstünden üç gezek öwrüm etdi.

Bu protest ýygnanyşygy Saýlaw kollegiýasynyň öňki wise-prezident Baýdeni ABŞ-nyň indiki prezidenti hökmünde resmi taýdan saýlamagyna iki gün galanda, president Trampa goldaw görkezmek üçin gurnaldy.

Protest çäresinde çykyp gürlänleriň arasynda ozalky milli howpsuzlyk geňeşçisi, Federal derňew býurosyna galp görkezme berendigi üçin iş kesilen we Tramp tarapyndan günäsi geçilen Maýkl Flin, Trampyň öňki geňeşçisi Sebastian Gorka dagy hem boldy.

Tramp saýlawda ýeňlendigini boýun almakdan ýüz öwürdi we onuň kampaniýasy saýlaw netijelerini ýatyrmak üçin onlarça kazyýet işini açdy.

50-den gowrak ştat we federal kazyýet karary Baýdeniň ýeňşini goldady. Ýokary Kazyýet 11-nji dekabrda Tehas ştatynyň esasy ştatlaryň dördüsindäki netijeleri ýatyrtmak isleýän kazyýet işini diňlemekden ýüz öwürdi.

Trampyň prezidentlik möhleti 20-nji ýanwarda, Baýden prezidentlige kasam kabul edende tamamlanar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG