Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan we Ermenistan Daglyk-Garabag ýaraşyk ylalaşygynyň çäginde tussag alyşýar


Ermeniler bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde turan soňky söweşde öldürilen dogan-garyndaşlarynyň mazarlaryny zyýarat edýärler. 12-nji dekabr, 2020 ý. Ýerewan. Ermenistan.

Bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde iki goňşy ýurduň arasynda turan soňky söweşleriň soňuna çykan ýaraşyk ylalaşygynyň talaplaryna laýyklykda, Azerbaýjan we Ermenistan tussag alyşmaga başlady.

Azerbaýjan häkimiýetleri taraplaryň ähli tussaglary çalyşmak barada ylalaşandygyny hem-de käbir ýesir alnan adamlary getiren uçaryň 14-nji dekabrda Azerbaýjana gonandygyny aýtdy.

Ermenistan resmileri 44 ermeni ýesirini getiren rus uçarynyň günüň ahyrynda Ýerewanyň Erenbuni howa menziline gonandygyny aýtdy.

“Bu tapgyrda, olaryň ýesir düşendigi Azerbaýjan we Gyzyl haç tarapyndan tassyklanan ýesirler gaýtarylýar. Ýiten we ýesir düşen bolmagy ahmal beýleki watandaşlarymyzy tapmak we ýurda getirmek işleri dowam edýär” diýip, premýer-ministriň orunbasary Tigran Awiniýan özüniň Facebook sahypasynda ýazdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 12 tussagyň Azerbaýjana, 44 tussagyň Ermenistana gowşurylandygyny aýtdy.

Moskwanyň araçylygynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Daglyk-Garabagyň içine we töweregine ýerleşdirilen russiýaly parahatçylygy goraýjylar tussag alyşmak işlerine kömek etdi. Ylalaşyk alty hepde dowam eden söweşlerden soň 10-njy noýabrda gazanyldy.

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň ýene-de näçe tussagy alyşmagy göz öňünde tutýandyklary dessine mälim bolmady.

Soňky söweşde iki tarapdan jemi 5600-den gowrak adam öldi. Bu 1990-njy ýyllaryň başlaryndan bäri sebit üstünde turan iň agyr söweş boldy.

Russiýanyň araçylygynda gazanylan ylalaşyk astynda Daglyk-Garabagyň içindäki we töweregindäki käbir ýerler Azerbaýjan administrasiýasyna gaýtarylyp berildi. Bu ýerler tas 30 ýylyň dowamynda etniki ermeni güýçleriniň gözegçiliginde boldy.

Ýaraşyk ylalaşygy Ermenistanda hökümete garşy protestleri hem-de gahar-gazaby tutaşdyrdy. Müňlerçe adam premýer-ministr Nikol Paşiniýanyň çaknyşyga çemeleşigi sebäpli, onuň wezipeden çekilmegini talap edip, yzygiderli köçelere çykdy.

14-nji dekabrda ermeni paýtagtynda müňlerçe adam ýöriş geçirdi. Olar ýörişlerde “Nikol, git!”, “Nikolsyz Ermenistan” diýip gygyryşdylar.

2018-nji ýylda ýurt boýunça dörän protestleriň arasynda häkimiýet başyna geçen Paşiniýan özünde wezipeden çekilmek planynyň ýokdugyny aýtdy. Ol öňki Sowet respublikasynda özüniň durnuklylygy we milli howpsuzlygy üpjün etmek jogapkärçiligi sebäpli ylalaşyga gol çekendigini nygtady.

Oppozisiýa syýasatçylary öňümizdäki aýlarda wagtyndan öň saýlaw geçirmek mümkinçiligine çenli täze, wagtlaýyn hökümetiň döredilmegine çagyryş etdiler.

Daglyk-Garabag halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýär, ýöne sebit ilatynyň agramly bölegini emele getirýän etniki ermeniler Azerbaýjan häkimiýetini ret edýärler.

1994-nji ýylda ýaraşyk ylalaşygy bilen bes edilen uruşdan soň Azerbaýjan goşunlary we azeri ilaty sebitden we oňa ýanaşyk ýedi etrapdan çekileli bäri, ol ýerdäki etniki ermeniler Ermenistanyň hemaýaty bilen öz gatnaşyklaryny özleri guramalaşdyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG