Türkmenistanda ýogalýanlaryň sany köpeldi, gonamçylyklarda täze mazarlar döreýär we ýene täzeleri gazylýar. Polisiýa gonamçylyklara gözegçilik edýär. Keselhanalarda bolsa hassa köp, koronawirus alamatlary bolan näsaglar öýlerinde-de bejergi alýarlar. Resmi taýdan ýurtda COVID-19 henizem ýok.
16-njy dekabrda Azatlygyň habarçylary Mary welaýatyndaky ýagdaý barada habar berip, Baýramaly etrabynda köp adamyň syrkawlandygyny we ölenleriň hem köpdügini gürrüň berdi. Keselleýänleriň arasynda iň köp ýaýran alamatlar agyr üsgülewük, ýokary gyzgyn, tagamy we ysy duýmak ukybyň ýitmegi we ysgynsyzlyk.
Azatlygyň habarçylary soňky günlerde ýakynlary aradan çykan ýaşaýjylaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldular. Olaryň sözlerine görä, köpüsinde koronawirusa mahsus simptomlar bolupdyr.
"Ýurdumyzda koronawirusyň ýokdugyny aýdýarlar. Ýöne obamyzda häzir ýygy-ýygydan ölýänler köpelýär. Obamyzdan bir günde 4 merhumy Hojaýusup gonamçylygyna jaýlamak üçin äkitdiler" - diýip, golaýdaky obalaryň biriniň ýaşaýjysy gürrüň berdi.
"Soltansanjar mawzoleýine ýetenimizde bizi iki polisiýa işgäri saklady we "Türkmenistan" oba geňeşliginiň üsti bilen beýleki ýoldan geçmäge mejbur etdi. Gonamçylykda gazylan mazarlar köpdi, ýene köp gazylýardy" - diýip, 15-nji dekabrda ýas çäresine gatnaşanlaryň biri gürrüň berdi.
Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzir Türkmenistanda sowuk düşensoň, mazar gazýanlar üşeýär. Gonamçylyklarda ýakar ýaly odun galmandyr.
Mazar gazýanlar iki hepde bäri ýerli obalara baryp görendiklerini, ýerli ýaşululardan we mollalardan häzirki wagtda gyssagly ýagdaýda gonamçylyklarda işleýänler üçin odun iberilmegini guramagy haýyş edendiklerini aýtdylar.
Welaýatyň saglyk edaralary hem gyssag astynda işleýärler. Keselhanalarda adam köp, käbir bölümler karantine ýapylýar. Bu şertlerde köpler öýlerinde bejergi alýarlar.
Azatlygyň habarçylary bilen gürleşen adamlaryň sözlerine görä, iň ýörgünli bejergi usullarynyň biri gyzgyny düşürmek üçin sanjymlar bolup, ýöne ýokary temperatura köplenç derman bilen hem pese düşmeýär. Häzirki wagtda medisina kömegi we dermanlar köpler üçin elýeterli däl.
"Adamlar puly bolmansoň, hatda lukmanlaryň ýanyna-da barmaýarlar. Dermanlara-da pul tapmaýarlar. Köpüsi pula satyp boljak zatlaryny eýýäm satyp gutardy" - diýip, habarçymyz bilen Maryda söhbetdeş bolanlaryň biri aýtdy.
Oba ýerlerinde ýagdaý hasam agyr. Köplerde satmaga asla zady ýok. Birnäçe aýyň içinde oba ýaşaýjylary mallaryň gyrylmagyna getiren kesele duçar boldylar. Köp mal öldi, ýaşaýjylar emläklerini we iýmit çeşmesini ýitirdi.
"Mallar ölüp başlanda, üstümize düşen ajalyň şol ýerden sowuljagyna umyt etdik. Mollalarymyz we ýaşulularymyz bizi köşeşdirdi, biz olara ynandyk. Ýöne bir aýdan gowrak wagt geçensoň, ajal öýümize gelip, kakamyzy aldy" - diýip, ýaňy kakasyny jaýlan oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň çäginde koronawirusyň bolup bilmegini ykrar etmekden ýüz öwürýärkä, ýurtda COVID-19 alamatly keselçilik ýaýraýar we hassahanalarda hassa köpelýär.
Gündogardaky Lebap welaýatynda, 15-nji dekabrda Türkmenabatdaky Köpugurly klinikanyň tutuş bir blogy karantine ýapyldy.
16-njy dekabrda Azatlygyň habarçysy "C" blogyna bir günde 100 töweregi adamyň kabul edilendigini aýtdy. Olaryň köpüsi öýlerinde bejergi alypdyr we soň özlerini erbet duýup, keselhana ýerleşdirilipdir.
Bu wagt aralygynda paýtagtda tutuş maşgalalar kesel bolýar.
Aşgabatdaky habarçylarymyz käbir ýagdaýlarda tutuş ýaşaýyş jaýlaryň karantine alynýandygyny aýdýarlar. Hususan-da, Magtymguly köçesinde ýerleşýän jaýlaryň birinde ýaşaýan bir maşgala koronawirus alamatlary bilen keselhana ýerleşdirilenden soň, oý gözegçilik astynda saklanýar.
Habarçymyzyň sözlerine görä, Magtymguly köçesinde ýerleşýän bu jaýyň bir böleginiň daşyna haýat aýlanypdyr. Jaýyň başga bir böleginde, girelgeleriň birinde ýörite adam goýlup, ol ýaşaýjylaryň birnäçe wagtlap köçä çykmazlygyna gözegçilik edipdir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.