Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 'COVID-19-a garşy' dermanlaryň gara bazary döredi


(Illýustrasiýa suraty)
(Illýustrasiýa suraty)

Lebabyň hassahanalary karantine ýapylýar, ýurtda COVID-19-a garşy derman serişdeleriniň gara bazary döreýär. COVID-19 alamatlary bilen keseliň ýaýramagyna garamazdan, Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda ölüm howpuny döredýän wirus ýok diýmegini dowam etdirýärler.

Azatlygyň habarçylary koronawirusyň öňüni almak we COVID-19 keseliniň bejergisi hökmünde satylýan derman serişdeleriniň gara bazarynyň dörändigini we giňelýändigini habar berýärler. Derman satyjylar reklamalary hem giňden ulanýarlar.

Hususan-da, ýurduň gündogaryndaky Lebap welaýatynda ilata koronawirusa garşy waksina hökmünde hem dermanlar hödürlenýär. Koronawirusa garşy diýilýän dermanlaryň gara bazary Türkmenabat, Dänew we Darganata şäherlerinde bar.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, "koronawirusa garşy" sanjym hökmünde ilata Hindistanda, Günorta Koreýada we Fransiýada öndürilýän möwsümleýin sowuklama, dümewe we gripe garşy adaty sanjymlar hödürlenýär.

Dümewe garşy fransuz “Waksigrip” dermanynyň bahasy 7000 manada ýetýär. Bazarda 100-200 manatlyk arzan dermanlar hem bar. Bular esasan ýerli saglyk öýlerinde hem edilýän grip keseline garşy sanjymlar bolup durýar.

Ýatlatsak, oktýabr aýynda Türkmenistanda ilata köpçülikleýin waksina edilipdi. Lukmanlar şonda munuň möwsümleýin dümewiň öňüni almak üçin waksinadygyny aýdypdy. Sanjym hökmanydy we tutuş maşgalalara sanjym edilipdi. Sanjymdan ýüz öwürenler jenaýat jogapkärçiliginden habarlydygy barada dil hat bermelidi.

Häzir dermanlaryň gara bazarynda "Arbidol" we "Wiferon" ýaly Orsýetde öndürilen wirusa garşy tabletkalar satylýar. Azatlygyň habarçysynyň belleýşi ýaly, satyjylar şeýle dermanlaryň koronawirusa garşy täsirliligine alyjylary ynandyrmaga synanyşýarlar, bu aralykda bahalar hem ösýär. Tabletkalaryň her gapyrjagy eýýäm 400-600 manada satylýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň çäginde koronawirusyň bolmagynyň mümkinçiligini ykrar etmeýärkä, ýurtda COVID-19 alamatly keselçilik ýaýraýar. Keselhanalar hassalardan hyryn-dykyn.

Azatlygyň habarçysy 15-nji dekabrda Türkmenabadyň köpugurly klinikasyndaky tutuş bir blogyň karantine ýapylandygyny habar berdi. Türkmenabadyň Şäher we Ýokanç keseller hassahanalary barýan hassalaryň akymyna döz gelip bilenoklar.

Soňky ýarym ýylyň dowamynda üç aýry blokdan ybarat bolan Köpugurly klinika iki gezek karantine ýapylypdy. Iýul aýynda bloklaryň biri ýapyldy, soň tutuş klinika karantine alynypdy. Şol wagt regionyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmeler munuň koronawirusyň ýaýramagy bilen baglydygyny Azatlyga aýdypdy.

15-nji dekabrda hassahananyň "C" blogy karantine ýapyldy. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, bu blok COVID-19 hassalaryny bejermek üçin enjamlaşdyrylan. Bu ýerde bar bolan kislorod bilen üpjün edýän enjamlar 500 hassa üçin niýetlenýär.

Azatlygyň habarçylary we garaşsyz metbugat çeşmeleri her gün Türkmenistanda koronawirus bilen keselleýänleriň onlarçasy, şol sanda ýogalýanlar barada yzygiderli habar berýärler. Azatlygyň çeşmelerine görä, ýurduň saglyk edaralarynda COVID-19 keselini anyklamak üçin testler geçirilýär, emma netijeler hasaba alynmaýar. Näsaglaryň arasynda saglyk işgärleri hem köp bolýar.

Türkmenistan henizem öz çäginde koronawirus keseliniň ýekeje ýagdaýyny hasaba almandygyny öňe sürýär. Bu döwürde dünýäde 70 milliondan gowrak adam keselledi, 1,6 milliondan gowrak adam COVID-19-dan öldi.

Dünýäde koronawirusa garşy waksinanyň üstünde işlenilmegi dowam edýär. Şu güne çenli ABŞ, Britaniýa, Orsýet we Hytaý sanjymlary öndürmek boýunça iş alyp barýar. Britaniýa, Orsýet we ABŞ waksinalary etmek işine indi girişýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG