Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maryda iri şahly hojalyk mallary näbelli kesele ýolugyp, köpçülikleýin haram ölýär


Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynda iri şahly hojalyk mallary köpçülikleýin keselleýär we gyrylýar. Bu barada ýerli häkimiýetler dymýan mahaly, weterinariýa gullugynyň käbir işgärleri muňa türkmen häkimiýetleriniň pandemiýa aladalarynyň fonunda, uçardan derman sepmek çäresiniň sebäp bolan bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berýär.

"Şu günler Marynyň Baýramaly, Türkmengala, Wekilbazar, Ýolöten, Garagum, Sakarçäge, Oguzhan we Mary etraplarynyň ähli obasynda sygyrlar näbelli keselden ölýär. Her iki hojalygyň birinde sygyr bar. Ölen mallaryň doly sany barada anyk maglumat ýok. Ýöne adamlar diňe Garagum etrabynda ortaça 200 sygyryň ölendigini aýdyp, beýleki etraplarda hem ýagdaýyň şeýledigini belleýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 30-njy sentýabrda gürrüň berdi.

Habarçy mallaryň gyrylmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýan käbir obalaryň atlary barada hem maglumat berdi. Olaryň arasynda Türkmengalanyň Zähmet, Ersuw, Täzedünýä, Moskwa, Wekilbazaryň Ak-goňur, Nas-satan, Çarlak, Ýolöteniň Agzybirlik, Leninizm, Garagumyň Ak-altyn, Sakarçägäniň 1-nji, 2-nji Çaşgyn, Garaýap, Akýap, Düýe sawhoz, Bereket, Oguzhanyň Aýhan, Günhan, Gurbandurdy geňeşlikleri we Marynyň "Peşanaly" daýhan birleşiginiň Ak-altyn, 8-nji mart ýaly geňeşlikleri bar.

Habarçy näbelli kesele ýolugan sygyrlaryň ilkibada hiç zat iýmän başlaýandygyny we soňra-da horlanýandygyny aýdýar. Mallaryň eýeleri olary ilki özleriçe halas etmäge synanyşýar. Bu başa barmansoň, olar weterinariýa gulluklaryna ýüz tutýarlar.

"Adamlar sygyrlaryna "Babinak", "Akbar", "Askorbinka" we wino berip, işdäsini açmakçy we halas etmekçi bolyarlar. Emma bu peýda etmeýär. Soňra olar ýerli weterinariýa gulluklaryna ýüzlenýärler. Weterinarlar hem sygyrlara asma sanjym edýärler, ýöne hiç hili peýda bolmaýar, mallar köpçülikleýin gyrylýar" diýip, habarçy belledi.

Ýaşaýjylaryň we ýerli weterinariýa gullugynyň işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy mallaryň gyrylmagy bilen bagly ýagdaýyň iki aý çemesi ozal başlanandygyny, ýöne keselçiligiň geriminiň soňky iki hepdäniň dowamynda has-da güýçlenendigini aýdýar.

"Mundan iki aý çemesi ozal her geňeşlikde günde 2-3 mal ölýärdi. Şu günler bolsa ýitgi has kän. Her etrapda 2-3 sany weterinar işgäri bar. Olar hem ähli ýere baryp ýetişmeýär" diýip, habarçy anonimlik şertinde söhbetdeş bolan weterinaryň sözlerini getirdi.

Weterinariýa gullugynyň işgärleri sygyrlaryň näme sebäpden ölýändigini bilmeýändiklerini aýdyp, özleriniň bular ýaly kesele birinji gezek duş gelýändiklerini belleýärler.

Ýaşaýjylar özleriniň ýerli resmilerden kömek sorap eden ýüzlenmeleriniň oňaýly netije bermeýändigini, olaryň keselçiligiň sebäplerini anyklamak boýunça-da çäre görmeýändigini aýdýarlar.

Ýöne ýerli weterinar işgärleri muňa "häkimiýetleriň koronawirus aladalarynyň arasynda howa arkaly geçirilen derman sepmek çäresiniň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini" aýdýarlar.

"Howa arkaly dezinfeksiya diýip, ýokardan hlor kän sepdiler. Ol hem ýere, ota siňdi. Ony mallar iýip, kesellän bolmagy mümkin diýip, weterinar işgärleri aýdýarlar. Adamlaryň köpüsi bolsa, ýokardan hlor däl-de, başga zäherli serişde sepilendir diýip çaklaýarlar. Sebäbi soňky aýlarda ýokardan awy sepilende, adamlar kellesi agryp, özlerini agyr duýup, ýürekleri bulanyp, başlary aýlanyp, işdäleriniň bolmandygyny aýdýarlar" diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda ilatyň howlusynda saklaýan ýa-da süýdünden peýdalanýan haýwanlaryň, şeýle-de düýeleriň näbelli kesele ýolukmagy we köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosy soňky iki ýylyň dowamynda ençeme gezek habar berdi.

Şol bir wagtda, soňky aýlarda Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary türkmen häkimiýetleriniň koronawirus aladalarynyň arasynda, uçardan zyýansyzlandyryjy serişdelerini sepmeginiň yzýany, käbir haýwanlaryň kesele uçrap ölýändigi barada gürrüň berdiler.

Iýun aýynda Aşgabatdaky habarçymyz ýurduň Eýran bilen serhedindäki sebitlere uçardan himiki serişdeleriň sepilendigini we munuň keýikleriň köpçülikleýin ýok bolmagyna sebäp bolandygyny habar berdi.

Iýulyň aýagynda Maryda uçardan zyýansyzlandyryjy serişdeleriň sepilmeginiň yzýany, sebitde käbir iri şahly, şol sanda gara mallaryň hem kesele uçrap ölýändigi barada maglumatlar gowşupdy.

Awgust aýynda bolsa, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy sebitde hojalyk mallarynyň köpçülikleýin haram ölýändigini habar berdi. Şonda weterinar lukmanlary ölen mallaryň alamatlaryndan ugur alyp, muňa ýokanç bir infeksiýanyň sebäp bolýandygyny çaklapdylar.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy Maryda mallaryň köpçülikleýin ölmeginiň türkmen häkimiýetleriniň uçardan zyýansyzlandyryjy serişdeleri sepmegi bilen nähilidir bir arabaglanyşygynyň bardygyny anyklap bilmedi.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Mary welaýatynyň degişli häkimliklerinden we edaralaryndan maglumat almak hem başartmady.

Bu aralykda, Azatlygyň Marydaky habarçysy şu günler zeýkeşleriň golaýynda ölen mallaryň maslyklarynyň ýatandygyny hem aýdyp, olaryň daş-töwerege ýakymsyz ysy ýaýradýandygyny hem aýtdy.

"Mundan ozal obada biriniň maly ölse, derrew it saklaýan ýaşaýjylar gelip, pul berip, haram ölen maly satyn alýardy. Ýöne häzirki wagtda ölýän mallaryň sany sanardan köpdügi sebäpli, olary hiç kim satyn almaýar. Ýaşaýjylar ölen mallaryny nirä zyňjagyny bilmän, zeýkeşlere zyňýarlar. Ýabany we öý itleri baryp, mallaryň maslygyny iýýärler" diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, adamlaryň arasynda "eger maslyk porsap ýatsa, kesel dörar ýa-da itler guduzlap, adamlara topulyp başlar" diýip, alada edýänler hem bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG