Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Senatda rus hakerleriniň amala aşyrandygy çaklanylýan kiber-hüjüm boýunça brifing geçer


 ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk departamentine garşy hem kiber-hüjüm amala aşyryldy. (arhiw suraty)
ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk departamentine garşy hem kiber-hüjüm amala aşyryldy. (arhiw suraty)

ABŞ-nyň Derňewler boýunça Federal Býurosy, şeýle-de Birleşen Ştatlaryň hökümet kompýuterleriniň toruna garşy amala aşyrylan kiber-hüjümleri derňeýän beýleki edaralar 18-nji dekabrda hüjüm boýunça Senatyň agzalaryna maglumat bererler. Resmiler kiber hüjümleriň arkasynda rus hakerleriniň durandygyny çaklaýarlar.

Bu maslahat federal resmileriniň hüjüm boýunça uly alada bildirýän döwründe geçýär. Bu aralykda, Microsoft tehnologiýa läheňi we ABŞ-nyň Energetika boýunça departamenti hüjümiň nyşanasyna düşenleriň sanawyna goşuldy.

ABŞ hökümetiniň kiberhowpsuzlyk boýunça iň ýokary edarasy 17-nji dekabrda kiber-hüjüm bilen baglylykda özüniň iň gyssagly duýduryşyny yglan edip, munuň hökümetler, beýleki gulluklar we hususy pudak tarapyndan dolandyrylýan kompýuter torlaryna "uly howp" abandyrýandygyny aýtdy, şeýle-de hüjümiň netijelerinden saplanmagyň kyn bolup biljekdigini belledi.

Kiberhowpsuzlyk we infrastruktura howpsuzlyk gullugy (CISI) 17-nji dekabrda çykyş edip, hüjümiň nyşanasy bolan ulgamlardan zyýanly programma üpjünçiligini aradan aýyrmagyň “guarmalar üçin juda çylşyrymly we kyn boljakdygyny” aýtdy.

ABŞ-nyň kiberhowpsuzlyk resmileri gönümel Russiýany aýyplamasalar-da, Senatyň käbir agzalary muny etdi. Kiber-hüjüm barada ilki 13-nji dekabrda habar serişdeleri maglumat berdiler. Şonda Birleşen Ştatlaryň atlandyrylmadyk bir resmisiniň hüjümiň arkasynda rus hakerleriniň durandygy çaklanylýandygy baradaky sözleri hem getirildi.

Russiýanyň ABŞ-daky ilçihanasy hüjümler bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýdyp, 14-nji dekabrda beýanat ýaýratdy. Onda Russiýanyň “kiber ulgamynda hüjüm ediji amallary etmeýändigi” hem bellenildi.

Hüjüme Içerki howpsuzlyk departamenti, Maliýe departamenti we Söwda departamenti dagy hem sezewar boldy. Bu barada habar serişdeleri ýagdaýlardan habarly resmilere salgylanyp maglumat berdiler.

17-nji dekabrda Energetika departamenti hüjüme duçar bolandygyny mälim etdi. Departamentiň düzüminde ýurduň ýadro ýaraglarynyň goruny dolandyrýan edara hem bar.

17-nji dekabrda Microsoft kompaniýasy öz ulgamlarynda haker hüjümleri bilen ilteşikli zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykarandygyny aýtdy.

Microsoft esasan Birleşen Ştatlardaky müşderilerine hüjüm edilendigini belläp, Kanadadaky, Meksikadaky, Belgiýadaky, Ispaniýadaky, Britaniýadaky, Ysraýyldaky we Birleşen Arap Emirliklerindäki ulanyjylarynyň hem nyşana alnandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň saýlanan-prezidenti Jo Baýden kiber-hüjümleriniň “uly alada” döredýändigini aýdyp, munuň guramaçylaryna “töleg töletjekdigini” söz berdi.

Baýden özüniň administrasiýanyň hüjüm bilen baglylykda amal edip biljek çäreleri boýunça, hüjüme duçar bolan hökümet edaralary bilen işleşýändigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG