Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

 ABŞ-nyň Global Media agentligi türmede ölen žurnalistiň wideo-portretini çap etdi


Ogulsapar Muradowa

Birleşen Ştatlaryň Global Media agentligi Youtube kanalynda Azatlygyň türkmen türmesinde ýogalan habarçysy Ogulsapar Myradowa barada gürrüň berýän wideomaglumat çap etdi.

“Ogulsapar Myradowanyň portreti” diýlip atlandyrylan wideoda onuň Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyk edip, Aşgabatdan Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada habar berýän wagtynda, türkmen hökümetiniň başga pikirlileri basyp ýatyrmak üçin görýän çäreleriniň dowamynda, 2006-njy ýylyň 18-nji iýunynda tussag edilendigi ýatladylýar.

Azatlyk radiosynyň 2018-nji ýylyň awgustyndaky maglumatyna görä, BMG-niň Adam hukuklary komiteti Türkmenistanyň žurnalist Ogulsapar Myradowanyň öldürilmegine we gynalmagyna jogapkärdigi barada höküm çykardy.

1948-nji ýylda doglan Myradowa “Türkmenistan Helsinki guramasyny” döredenleriň we onuň agzalarynyň biri bolup, şol bir wagtda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk edýärdi. Ol adam hukuklary boýunça alyp baran işi sebäpli 2006-njy ýylyň iýun aýynda, dogany Sapardurdy Hajyýew we aktiwist Annagurban Amanglyjow bilen bilelikde tussag edildi.

Halkara guramalaryň maglumatyna görä, olar başda içalyçylykda güman edilip, soň ýarag saklamak ýaly aýyplamalar bilen ýapyk gapylaryň aňyrsynda sud edildi.

Galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda iki sagat dowam eden sud diňlenişiginden soň alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilen O.Myradowa bir aý çemesi soň, gümürtik ýagdaýda tussaglykda aradan çykdy.

Merhumyň teninde galan ýara yzlary, maňlaýyndaky uly kesik, boýnundaky gara tegmil, bir elindäki üç ýara, çişler we ganöýmeler onuň süten bilen öldürilendigini görkezýär diýip, Myradowanyň jesedini gören adamlar aýtdy.

Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri Myradowanyň ölüminiň sebäplerini açyk derňemedi we onuň tebigy sebäplerden aradan çykandygyny öňe sürdi.

Soňra hökümet, Açyk jemgyýet/Adalat inisiatiwasy guramasynyň maglumatyna görä, derňewler barada hiç hili maglumat bermezden, Myradowanyň ölüminiň derňelendigini aýtdy we onuň öz janyna kast edendigini öňe sürdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG