Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ilkinji döwrebap waksinasyny taýýarlaýar. COVID-19 mutasiýasy alada döredýär


 Koronawirusa garşy Moderna waksinasy
Koronawirusa garşy Moderna waksinasy

Moderna COVID-19 waksinasyny adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmak düzgünleşdirilenden soň ilkinji sanjymlaryň 21-nji dekabrda ABŞ-da edilip başlanjagyna garaşylýarka bu oňyn habara Britaniýada koronawirusyň mutasiýasynyň döremegine degişli aladalanmalar kölege saldy.

Dünýä ýurtlarynyň hökümetleri wirusyň mutasiýasy zerarly Britaniýa bilen aragatnaşygy kesmek ugrunda adatdan daşary çäreleri görüp başlady.

Moderna ABŞ-da ulanylyp başlan ikinji waksinadyr. Geçen hepdede ýurtda ýokanç keseliň güýçli depginde ýaýrap, hassalaryň we ölüm wakalarynyň köpelýän döwründe Pfizer we Germaniýanyň BioNTech kompaniýalary tarapyndan öndürilen waksina ulanylyp başlandy.

Moderna sanjymynyň ýakyn aýlarda has giňden ulanylmagyna garaşylýar, sebäbi onuň eltilmeginiň Pfizeriň waksinasyndan has aňsatdygy aýdylýar.

Pandemiýa ABŞ-da we beýleki ýerlerde çaltlaşýarka, Britaniýada koronawirusyň mutasiýasyna alada bildirilýär.

Birnäçe ýurt, şol sanda Ýewropa ýurtlarynyň ençemesi 20-nji dekabrda Britaniýa syýahat etmegi wagtlaýynça gadagan etdi. Wirusyň mutasiýa bolan görnüşi Ýewropanyň we Günorta Afrikanyň beýleki ýerlerinde hem tapyldy.

XS
SM
MD
LG