Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýanyň Mostar şäherindäki ilkinji ses berişlikde etniki partiýalar agdyklyk edýär


 Mostar şäherindäki saýlaw nokady, Bosnia-Herzegowina, 20-nji dekabr, 2020.
Mostar şäherindäki saýlaw nokady, Bosnia-Herzegowina, 20-nji dekabr, 2020.

20-nji dekabrda geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerine görä, Bosniýa-Herzegowinanyň etniki taýdan bölünen Mostar şäherinde soňky 12 ýylda geçirilen ilkinji ýerli saýlawlarda agdyklyk edýän milletçi bosniak we horwat partiýalary iň köp ses aldy.

Emma köpmilletli BH blogynyň düzümine girýän has kiçi syýasy partiýalar hem 35 agzaly şäher geňeşinde orun aldy we indiki häkimi kesgitlemekde täsir edip biljek orny eýeledi.

Koronawirus pandemiýasy we saglyk düzgünleriniň berjaý edilmeginde geçirilen ses berişlige ilatyň 55% gatnaşdy.

Osman imperiýasy döwründen galan arhitektura we Neretwa derýasyndan geçýän ajaýyp köprüsi bilen tanalýan 100 000 ilatly Mostar şäheri katolik bosniýaly horwatlaryň we musulman bosniaklaryň arasynda bölünýär.

Mostar 2008-nji ýyldan bäri munisipal saýlawlaryny geçirmedi. Häkimiýetleriň Bosniýanyň Konstitusion sudunyň 2010-njy ýylda çykaran we şäheriň häkimiýet gurluşyna degişli reformany talap edýän kararyny ýerine ýetirip bilmänligi muňa sebäp boldy.

Saýlawlaryň bolmandygy sebäpli agdyklyk edýän etniki partiýalar, Bosniak Demokratik Hereket Partiýasy (SDA) we Horwatiýa Demokratik Bileleşigi (HDZ) öz regionlaryndaky hyzmatlary, poçta kompaniýalaryny, uniwersitetleri we hassahanalary aýry-aýry dolandyrdylar.

XS
SM
MD
LG