Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýylyň Jemleri. "Imperiýadan soňky özgerişler": Russiýa öz golaýyndaky daşary ýurtlar babatdaky syýasatyna täzeden garaýar


Illýustrasiýa suraty

Kreml goňşularyndaky syýasy krizislere syn edýär, ýöne örän seresaplylyk bilen çemeleşýär. Munuň özi, belki-de, adaty «täsir çäginden» başga, has pragmatik matlap bilen baglanyşyklydyr.

Postsowet giňişliginde bolup geçen köpçülikleýin tolgunyşyklaryň fonunda, Kreml 2021-nji ýylda has asudalygyň boljagyna umyt baglaýar hem-de töweregindäki ýakyn daşary ýurtlarda öz täsirini saklamagyň, şeýle hem çäkli çäreler bilen olary dolandyrmagyň mümkinçilikleri barada oýlanýar.

Awgust aýynda Belarusda köp sanly düzgün bozmalar hem galplyklar bilen geçirilen prezident saýlawlaryndan soň ýurtda köpçülikleýin protestler başlandy, ol bolsa awtoritar lider Lukaşenkany Moskwadan goldaw soramaga mejbur etdi.

Sentýabr aýynda Ermenistan bilen Azerbaýjan Daglyk-Garabag meselesinde ýiti çaknyşyga girdiler, çaknyşyk ýokary derejä baryp ýetdi. Ýöne indi Russiýadan başga Türkiýe hem daşarky araçyllyk roluny talap edýär.

Oktýabr aýynda Gyrgyzystanda oppozisiýa ýurduň paýtagty Bişkek şäherinde hökümet binalaryna hüjüm etdi. Netijede, Moskwa dostlukly pozisiýada durýan prezident gan dökülmezlik üçin, öz wezipesinden çekildi.

Noýabr aýynda Moldowadaky saýlawlarda häzirki Russiýany goldaýan prezident Ýewropa bilen ýakynlaşmagyň ugruny wada berýän kandidatdan ýeňildi. Bu Moskwanyň postsowet giňişligindäki bähbitlerine ýene bir urgy boldy.

Kreml Russiýanyň goňşularynda ýüze çykýan syýasy krizislere gözegçilik edýär, ýöne muňa aşa seresaplylyk bilen çemeleşýär. Bilermenleriň pikiriçe, munuň sebäbi Moskwanyň geosyýasy giňişlikde ileri tutulýan ugurlarynyň özgermegi hem olara täsir ýetirmek gurallaryň üýtgemegi bilen baglydyr. Moskwa, adatça öz täsir meýdanyna degişli sebitlerde, indi has pragmatiki syýasaty alyp barmaga başlaýar.

"Russiýa täsir etmek syýasatyna başgaça düşünip başlady. Munuň özi imperiýadan soňky özgerişlikde tebigy ädim” diýip, syýasy analitik Fedor Lukýanow aýdýar.

Kreml postsowet giňişliginde öz bähbitlerini goramaga taýyndygyny 2008-nji ýylda Gürjüstana çozmagy hem-de 2014-nji ýylda Russiýanyň Krymy anneksiýa edip, Kiýewde Moskwa tarapdar prezidentiň agdarylmagyndan soň, Donbasdaky separatistleri goldamak üçin goşun ulanmagy şaýatlyk edýär.

Prezident Wladimir Putin Russiýanyň dünýä arenasynda esasy rol oýnamalydygyny talap edýär, bu ugurda ol Günbataryň täsirinden närazydygyny bildirýär. Syýasy durnuksyzlyk döwründe özüniň ýardam beren ýolbaşçylarynyň dolandyrýan döwletiniň içerki işlerine goşulyşmazlyk barada, birnäçe gezek çagyryş etdi.

2020-nji ýylda görlüp-eşidilmedik bulaşyklyk ýüze çykdy: tupan fronty Belarusdan we Moldowadan Kawkaza çenli, ondan Merkezi Aziýa çenli aralygy öz içine aldy. Şonda-da Moskwa bir gapdalda durup, ýagdaýyň nähili ösýändigini, iň bolmanda onuň başlangyç etaplaryny synlaýana meňzeýär. Bilermenleriň pikirine görä, öňki strategiýa garanyňda, bu örän passiw, ýöne öz çäkli mümkinçiliklerine düşünmek esasynda ýöredilýän oýlanyşykly pozisiýa bolmaly. Elbetde, munuň özi Kremliň öz geosyýasy ýörelgelerinden daşlaşmagy däl.

«Moskwanyň nukdaýnazaryndan öňki Sowet respublikalarynyň ählisi özlerini özbaşdak görkezýärler, olar SSSR-iň dargamagyndan 30 ýyl soň garaşsyz döwlet boldular. Olaryň syýasaty hem duýgular aýry: Moskwa tarapyndan olaryň hiç birine aýratyn gatnaşyk ýok, hiç bir geçirimliligem ýok».

Ýagdaýa şeýle täzeçe çemeleşmäniň aňyrsynda maliýe bähbitler bar bolsa gerek.

Moskwanyň başlangyjy bilen döredilen Ýewroaziýa Ykdysady Bileleşigi öňki Sowet Soýuzyndan bolan 200 million graždany öz goldawyna almaly hem Ýewropa Bileleşigi bilen bäsleşige döz gelmeli diýildi. Şeýle-de bolsa, Russiýa bu taslamanyň maliýe serişdelerini azaldandan soň, ol garaşylýan integrasiýa bitewiligi emele gelmedi. Beýleki agza döwletler bolsa onuň syýasy esaslarynyň şübheli bolmagyna alada bildirdiler.

Günbataryň girizen sanksiýalary Russiýanyň içerki we daşary syýasatyna kän bir täsir etmedi, ýöne COVID-19 pandemiýasy bilen bilelikde Russiýanyň ykdysadyýetine zarba urdy. Bu bolsa Kremli postsowet giňişligindäki syýasatyna täzeden garamaga mejbur etdi diýip, Russiýanyň harby-syýasy strategiýasy boýunça bilermen, Waşingtondaky Jorj W. Buş adyndaky döwlet gullugy Kollejiniň hem-de Deňiz pyýada güýçleri Uniwersitetiniň ýanyndaky Krulak adyndaky Merkeziň bilermeni Ýuwal Weber aýdýar.

Öňki Sowet respublikalarynyň ýolbaşçylary, öz saýlawçylaryny berkitmek üçin, rus goldaw wadasyny ulandylar, indi beýle goldaw gutarandan soň kynçylyklara duçar bolýarlar. Muňa sebäp edip, Russiýanyň daşarky syýasatynda tygşytlylyga başlandygyny aýtmak mümkin. Weber: "Eger pul ibermeseňiz, siziň telefon jaňyňyza aňsat jogap berilmeýär" diýdi.

Şol bir wagtyň özünde, Russiýa postsowet giňişligindäki rolundan asla el çekmeýär. Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky konflikt barada birneme ikirjiňlenenden soň, Kreml Daglyk-Garabagdaky parahatçylygy goraýjylaryň hasabyna ol ýerde harby güýçleriniň sanyny artdyrdy. Şeýle-de bolsa, şol bir wagtyň özünde Azerbaýjanyň iň ýakyn ýarany bolan Türkiýe gepleşikler geçirmäge kanuny gatnaşyjy boldy.

Putin öz şahsy gatnaşyklaryna salgylanyp, öňki Sowet respublikalaryndaky kärdeşlerine işjeň goldaw bermegini dowam etdirýär hem olary goldajakdygyna wada berýär. Ol 28-nji sentýabrda Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow bilen bolan duşuşykda: "Döwlet baştutany hökmünde sizi goldamak üçin, elimizden gelenini ederis" diýdi. Iki hepde geçip-geçmän, jedelli parlament saýlawlaryndan soň başlanan protestler sebäpli Jeenbekow wezipesinden çekildi, Moskwa bolsa ony goldajak bolup alada etmedi.

Halkara proýekti bolan Ýewroaziýa Ykdysady Bileleşiginden başga-da, Moskwanyň beýleki ykdysady taslamalary hem amala aşyp baranok. Russiýa bilen Belarusyň doly hukukly we deň derejeli döwlet arkalaşygyny döretmek meýilnamasy hem yza süýşüp gelýär, ýogsa Aleksandr Lukaşenkanyň geň galdyryjy meýlini goldamak üçin şert döredýän Moskwanyň ägirt uly basyşyna garamazdan, ol amala aşman gelýär. (Bu goldaw, öz gezeginde, belaruslylary Russiýadan daşlaşdyryp biler, olar üçin Lukaşenka kabul edip bolmajak şahsyýete öwrüldi.)

Belarusdaky syýasy krizis, Daglyk-Garabagdaky söweşlerden we Gyrgyzystandaky döwlet agdarylyşygyndan has köp Kremle täsir edýär. Lukaşenkanyň 26 ýylyň dowamynda guran režimi köp ugurlarda Putiniň Russiýada döreden ýagdaýyna meňzeýär: ähli häkimiýet we güýç prezidentiň elinde jemlenýär, olar Günbatara şübheli garaýarlar hem döräp gelýän islendik oppozisiýany ýok etmäge çalyşýarlar.

Lukaşenka wepaly bolan howpsuzlyk güýçleri aşa zorluk ulanmakdan gaça durmaga çalyşsa-da, protestçilere gazaply daraşýar. Nähili-de bolsa, 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň ýurtda başlanan protestleri şu wagta çenli basyp ýatyryp bilmän gelýärler. Eger Putin 2024-nji ýylda bäşinji gezek prezidentlige dalaş etmek kararyna gelse, Russiýadaky başgaça pikir edýänler bilen iş salyşmagyň döräp biljek şeýle çäreleri babatynda, Belarusda bolýan ýagdaýa üns bermeli bolar.

«Belarusdaky wakalara üns bermezlik mümkin däl – diýip, Kremliň öňki resmisi, häzirki syýasy bilermen Abbas Gallýamow aýdýar: – Lukaşenka şeýle ýagdaýlarda Putin nähili hereket edip biler diýse, özüni şonuň ýaly alyp barýar. Belarusda häzirki garşy duruş ýeňip bilse, 2024-nji ýylda Russiýada hem garşy durşy aradan aýryp bolmaz».

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG