Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly zenanlar döwletden kömek gözläp, üýşüp häkimlige bardy 


Azyk dükanynyň öňündäki nobat. Türkmenistan (arhiw suraty)  
Azyk dükanynyň öňündäki nobat. Türkmenistan (arhiw suraty)  

Mary şäherinde onlarça zenan döwlet tarapyndan kömek sormak üçin üýşüp 21-nji dekabrda Mary welaýat häkimligine bardy. Zenanlar öz obalarynda unuň 6-7 aý gijikdirilip satylýandygyny, agyz suwuň ýokdugyny aýtmak isläpdir. Häkimligiň wekilleri zenanlary diňlemegiň ýerine olary kowmak üçin polisiýa çagyrdy. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary gürrüň berdiler. Marynň häkimiýetleri bu ýagdaýy kommentirlemedi.

21-nji dekabrda Marynyň Mollanepes köçesinde ýerleşýän welaýat hakimligine baran 50 -a golaý zenan ýerli häkimiýetlere özleriniň kynçylyklary we döwlet tarapyndan kömege mätäçligi barada aýtmak isläpdir.

Habarçymyz Mary etrabynyň ýaşaýjylary bolan bu zenanlaryň ýanyna häkimiň özüniň we häkimligiň wekilleriniň çykmandygyny habar berýär. Halkyň arzyny diňlemäge borçly häkimligiň wekilleri baranlaryň tizrak gitmegi ugrunda çäre görüpdür we kowdurmak üçin polisiýany çagyrypdyr.

Habarçymyzyň we şaýatlaryň sözlerine görä, 2 sany polisiýa işgäri zenanlary welaýat häkimliginiň öňünden çekilmegini we sag tarapyna geçmegini talap edipdir. Daýzalar özleriniň ýetmezçiliklerini häkime aýtman hiç ýere gitmejekdiklerini duýduranlarynda welaýat häkimliginden bir işgär çykyp, häkimiň ýokdugyny aýdypdyr we baran zenanlaryň aýtjak zatlaryny diňläp soň häkime ýetirmegi wada beripdir. Şeýdip, zenanlaryň häkimligiň binasynyň öňünden gitmegini gazanypdyr.

Häkimligiň işgäri ertirden başlap hemme zat düzeljegini wada berdi diýip, habarçymyz aýdýar.

Marynyň welaýat häkimligine baran onlarça zenan öz obalarynda döwlet dükanlarynda eýýäm köp wagt bäri hiç hili harydyň döwlet nyrhyndan satylmaýandygyny, unuň 6-7 aý gijikdirilip getirilýändigini, öz çagalaryny naharlamak üçin çöregiň gözleginde şäheriň dükanlaryna gatnap kösenýändiklerini aýtmak isläpdir. Oba zenanlarynyň gozgajak bolan meseleleriniň ýene bir agyz suw ýetmezçiligine degişli. Suw turbasy çekilmedik obalaryň ýaşaýjylary aýda iki gezek öz hasabyna awtoulagly suw getirdýärler, mümkinçiligi bolmadyklar suwsuz galýar. Bir sisternanyň bahasy 90 manat. Bankomatlardaky pul ýetmezçiligi zerarly suw üçin nagt tölenmeli töleg-de hemmä elýeterli däl.

Häkimlige baran zenanlaryň sözlerine görä, olar oba ýaşaýjylary bolansoň, şäher dükanlarynda-da olara köplenç döwlet bahasyndan çörek satylmaýar.

Soňky wagtda käbir döwlet dükanlary çöregi propiska boýunça satyp başlady.

Şeýle-de zenanlar näme üçin döwletiň kesgitlän nyrhyndan çörek, un, ösümlik ýagy, şeker, tüwi, ýumurtga we towuk budlary ýaly azyk önümleriniň diňe şäherde satylyp, obalarda hiç bolmaýandygyny bilmek isläpdir.

Bu aralykda şäherleriň döwlet dükanlarynda-da bu agzalan önümleriň gytçylygy saklanýar. Harytlaryň satylan wagtynda uly nobatlar döreýär, azyk çäkli möçberde satylsa-da hemmä ýetmeýär. Azygyň gapdalyndan geçmeýän harytlar goşulyp satylýar.

22-nji dekabrda Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtyň dükanlarynda ösümlik ýagynyň satuwdan aýrylandygyny habar berdi.

Türkmenistanda ilatyň gün-güzeranynyň gitdigiçe agyrlaşýan döwründe ilat wagtal-wagtal häkimiýetlere kollektiwleýin ýüz tutýar.

Soňky aýlarda zenanlar üýşüp hökümet tarapyndan adam başyna kesgitlenen azyk önümleriniň, un-çöregiň satylmagyny sorap häkimiýetlere köpçülik bolup ýüz tutdy. Ýaşaýjylar öz gazanjyny almak üçin bankomatlara nagt puluň goýulmagyny sorady. Telekeçiler koronawirus bilen bagly çäklendirmeler döwründe ýapylan bazarlaryň we söwda nokatlarynyň açylmagyny sorady.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan boýun alynmaýan ykdysady krizis döwründe azyk önümleriniň bazar nyrhy günsaýyn ýokarlanýar, ilat köpçüligi döwlet dükanlarynda kesgitli bahadan satylýan azyk önümlerine garaşly bolýar.

Türkmen döwletiniň her adam başynda her aýda ujypsyz möçberde kesgitlän azyk önümleri oba ýaşaýjylaryna birnäçe aý gijikdirilip satylýar. Paýtagtda we iri şäherlerde döwlet dükanlarynda ägirt uly nobatlar, basa-baslyk we dawa jenjel saklanýar.

Hökümet üç ýyl biri dowam edýän bu ýagdaýy görmezlige salýar we güýçli ykdysady ösüş hakynda hasabat berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG