Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň bir döwlet dükanynda çörek propiska görä satyldy


Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda çörek satyn almak üçin nobata garaşýan adamlar. Fewral, 2020 ý.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda çörek satyn almak üçin nobata garaşýan adamlar. Fewral, 2020 ý.

23-24-nji noýabr günleri Mary şäheriniň ençeme döwlet dükanynda çörek satylmady. Ýöne, şäheriň 14 belgili döwlet dükanynda çörek her adama çäkli möçberde propiska görä satyldy. Dowam edýän azyk krizisiniň fonunda Aşgabadyň bir döwlet dükanynda ösümlik ýagynyň ýanyna tüwi goşulyp satyldy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.

Maryly habarçynyň sözlerine görä, ençeme adam duşenbe we sişenbe günleri şäheriň döwlet dükanlarynda aýlanyp çörek gözledi. Ýöne olaryň gözlegi netije bermedi.

“Düýn hem, şu gün hem hiç zat berilmedi” diýip, bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, çörek hyrydarlaryndan ybarat üýşmeleň çörek gözläp, birnäçe döwlet dükanyna aýlanandan soň, şäheriň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän 11 belgili döwlet dükanyna bardy. Ýöne ol ýerden hem çörek satyn alyp bilmediler.

Soňra olar Atabaýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän 14 belgili döwlet dükanyna bardylar.

“14-nji dükanda her maşgala 1-den çörek satýarlar emma propiska seredip berýärler” diýip, bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, çöregiň nobatyna üç polisiýa işgäri gözegçilik etdi.

“Kim şu dükana degişli däl bolsa, biderek nobata durmasyn, çörek berilmez” diýip, polisiýa işgäri çörek nobatyna ýygnananlara ýüzlendi.

Ýerli ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, nobata ýygnanan adamlar çöregiň propiska görä satylmagyna nägilelik bildirdi.

Türkmenistanda raýatlar un ýa-da beýleki paýoklaryny almak üçin propiska esasynda döwlet dükanlaryna ýazylýarlar hem-de diňe ýazgyda duran döwlet dükanlaryndan paýoklaryny alyp bilýärler.

"Döwlet dükanlarynda satyjylar şol dükana degişli köp ýaşaýjyny ýüzlerinden tanaýar ýöne adamlar ýanlary bilen pasport getirmeli ýa-da öý müdirliginden sprawka görkezmeli. Özüniň hakykatdan hem şol ýeriň ýaşaýjysydygyny tassyklamaly" diýip, bir ýaşaýjy aýtdy we bu talaba gözegçilik işlerine polisiýa işgärleriniň hem gatnaşýandygyny aýtdy.

“Döwlet dükanlarynda her gün bolmasa-da günaşa çörek satylýardy” diýip, bir ýaşaýjy soňky iki gün bäri Marynyň köp döwlet dükanynda çöregiň satylmaýandygyny gaýtalady.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, adamlar ir sagat 5-den başlap, dükanlaryň öňünde çörege nobat belleýärler.

Türkmenistanyň hökümet resmileri Mary şäheriniň döwlet dükanlarynda dowam edýän çörek gytçylygy barada, galyberse-de tutuş ýurtdaky azyk krizisi barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň “Teke bazarynda” käbir miweleleriň bahalary barada maglumat ugratdy.

Onuň maglumatlaryna görä käbir miweleriň 1 kilogramynyň bahasy şeýle:

  • Alma 25 manat
  • Kiwi 30 manat
  • Mandarin 25-30 manat
  • Nar 30 manat

Şeýle-de, aşgabatly habarçy bu miweleriň Türkiýeden import edilen harytlardygyny belledi.

Aşgabadyň käbir döwlet dükanlarynda, habarçynyň sözlerine görä, harytlaryň gapdaly bilen başga goşmaça harytlary satmak tejribesi saklanyp galýar.

“Şu gün dükanda ösümlik ýagynyň gapdaly bilen tüwi goşup satdylar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy döwlet dükanlarynda iýmit önümleriniň gapdaly bilen prezident portretiniň, üzümiň, şireli suwlaryň we beýlekileriň goşulyp satylýandygy barada habar berdi.

Azatlyk Radiosy Marynyň döwlet dükanlarynda dowam edýän çörek gytçylygy barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG