Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Bellator” MMA boýunça türkmen türgeni bilen şertnama gol goýdy


Döwletjan Ýagşymyradow
Döwletjan Ýagşymyradow

Garyşyk söweş tärleri boýunça amerikan guramasy “Bellator MMA” türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow bilen şertnama gol goýdy. Bu barada “mmajunkie.usatoday.com” websaýty habar berýär.

“Şu gün MMA Junkie “Bellatoryň” Absolute Championship Akhmat (ACA) ligasynyň ýarym-agyr agram derejesiniň çempiony Döwletjan Ýagşymyradowy 205 funtlyk sanawyna goşandygyny öwrendi. Resmiler şertleri yglan etmeseler-de, köp söweşli, saýlama şertnamany tassykladylar” diýlip, websaýtyň habarynda aýdylýar.

21-nji dekabrda çap edilen maglumatda Ýagşymyradowyň häzirki wagtda rus çempiony Wadim Nemkow tarapyndan dolandyrylýan bölüme goşulýandygy hem bellenilýär.

2019-njy ýylyň fewralynda garyşyk söweş tärleri, ýagny MMA boýunça türkmenistanly türgen Ýagşymyradow Absolute Championship Akhmat (ACA) ligasynyň 93 kilograma çenli, ýarym-agyr agram derejesiniň çempiony bolupdy.

XS
SM
MD
LG