Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň ilaty keselleýär, karantin çäklendirmeleri ýene güýçlendirilýär


Jemgyýetçilik transporty, Aşgabat, iýul, 2020

Türkmenistanda COVID-19 alamatly keseliň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň habarlaryna görä, saglyk edaralarynda hassalar köpçülikleýin synagdan geçirilýär, köplenç koronawirusyň bardygy anyklanýar. Koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmedik ýurduň häkimiýetleri çäklendirmeleri hasam güýçlendirýärler.

Lebap welaýatynyň inçekesel hassahanasynda näsaglaryň arasynda geçirilen barlagyň netijesinde on günüň içinde koronawirus keseliniň anyklanmagyna degişli ençeme ýagdaý ýüze çykaryldy. Bu barada 23-nji dekabrda Azatlygyň welaýatdaky habarçylary gürrüň berdiler.

Olaryň sözlerine görä, hassahananyň bir bölüminde 30-dan gowrak hassada COVD-19 tapylypdyr.

Lukmanlar üçin koronawirus diagnozyny goýmak we bu kesel barada aç-açan gürlemek gadagançylygy saklanýar. Anonim gürlän saglyk işgärleri häzirki wagtda ýurduň koronawirusyň ikinji tolkunyny başdan geçirýändigini, birinji tolkunyň tomus aýlarynda bolandygyny aýdýarlar. Lukmanlar keselçiligiň häzirki tolkunynyň has güýçlüdigini, köp halatlarda öýkene zeper ýetýändigini belleýärler.

Azatlygyň habarçylary COVID-19 ýurtda resmi taýdan hasaba alynmasa-da, has köp adamyň özbaşdak synag geçirmek üçin saglyk edaralaryna we medisina merkezlerine ýüz tutýandygyny belleýärler. Synaglaryň bahasy 100-110 manat aralygynda.

Keselhanalarda adam köp, şeýle-de köpçülik öz öýlerinde bejergi alýar, ölüm ýagdaýlary hem köpelýär.

"Meniň Aşgabatdaky dostlarym öýlerinde bir hepde bäri syrkaw ýatyrlar. Olar gurply we öýde gowy bejergi alýarlar. Ýagdaýlary gowulaşýar. Goňşymyň 70 ýaşly garyndaşy düýn keselhanada aradan çykdy, şu gün şol garyndaşynyň 71 ýaşly adamsy hem aradan çykdy. Ondan öň bu jübüdiň saglygy gowudy" - diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy 23-nji dekabrda Azatlyga gürrüň berdi.

Bu aralykda paýtagtyň mekdeplerinde okuwa gatnaýan çagalaryň sany esli azaldy.

"Ýagdaý garaşylyşyndan hem erbet boldy. Köp çaga kesel. Keselçilik sebäpli karantin yglan edilmeýär, hiç zat bolmadyk ýaly okuw dowam etdirilýär. Klasyň üçden bir böleginden ýarysyna çenli öýde galýar, käbirlerinde [koronawirusyň] simptomlary ýa-da keseliň özi bar. Mugallymlar yzygiderli stresde, okuw programmasy düýpgöter bozulýar, sebäbi mekdebe gatnamaýanlaryň köpüsi okuw programmasyndan yzda galýar"-diýip, Aşgabadyň mekdepleriniň biriniň mugallymy adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürrüň berdi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda koronawirusyň ýokdugyny soňky gezek 13-nji noýabrda resmi derejede yglan edip, muny ýurt üçin "üstünlik" diýip atlandyrdylar. Muňa garamazdan çäklendirmeleri güýçlendirmek bilen boldular.

Ýurduň içinde ýygnanyşyklara, dabaralara we syýahatçylyga çäklendirmeler barha güýçlenýär.

Nobatdaky çäklendirmeler, hususan-da, ýas çärelerine degişli boldy. Lebap welaýatyndaky habarçylaryň maglumatlaryna görä, häkimligiň dilden eden buýrugy bilen, ýas üýşmeleňleriň geçirilýän wagty ir sagat 9-11 sagat aralygy bilen çäklenmeli. Barýanlaryň sany bir gezekde 5 adamdan köp bolmaly däl. Bu düzgünler ölýänleriň sanynyň köpelen wagtynda bolup geçýär.

Ýerli gonamçylyklarda täze mazarlaryň sany köpelýär. Täze guburlaryň ençemesi öňünden taýýarlanýar. Mazar gazmak işiniň häzirki nyrhy, hususan-da Türkmenabatdaky Zergär gonamçylygynda 1000 manada barabar.

Şeýle-de, Lebapda ilatyň hereket etmegine täze çäklendirmeler girizildi. Hususan-da, 28-nji dekabrdan 1-nji ýanwar aralygynda mekdep okuwçylaryna sagat 20:00-dan soň daşary çykmak gadagan edildi, 31-nji dekabrda dükanlar 20:00-da işini bes etmeli bolarlar. Köpçülikleýin dabaralar ýatyrylýar. Ruhyýet köşgüniň golaýyndaky esasy arça agajyň golaýyna barmak gadagan edildi.

Azatlyk Radiosy bu çäklendirmeler barada ýerli häkimiýetlerden resmi düşündiriş alyp bilmedi.

COVID-19-yň öňüni almak çäreleri bilen baglanyşykly sebitleriň arasynda girizilen syýahat çäklendirmeleri hem saklanýar. Ýurduň içinde syýahat etmek diňe saglyk şahadatnamasy we syýahatyň maksadyny delillendirmek arkaly mümkin edilýär. Çäklendirmeler sebäpli köpleriň öz ýakynlarynyň jaýlanyşyna gatnaşyp bilmezligine getirdi.

"Türkmenistanyň Hronikasy" garaşsyz neşiriniň bellemegine görä, ýörite bir komissiýa başga sebite syýahat etmek isleýänleriň arzalaryna seredýär. Syýahat rugsadyny diňe ýakyn garyndaşynyň ölümi bilen baglanyşykly alyp bolýar. Munuň üçin tassyklaýjy resminamalar bolmaly. Şol sanda adamyň ölümi hakyndaky şahadatnama ýa-da geňeşligiň beren resminamasy talap edilýär. Emma mesele, komissiýanyň şahadatnamalaryň asyl nusgasyny talap etmegine degişli. Şeýlelikde resminamany poçta ýa-da

ynamdar biriniň üsti bilen awtoulagda ibermeli bolýar. Bu bolsa adamlaryň köplenç jaýlanyşa gijä galmagyna sebäp bolýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG