Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus kanunçylary birnäçe kanun taslamasyny tassyklady, hukukçylar demokratiýanyň gysylýandygyny aýdýar


Döwlet dumasynyň deputatlary

Tankytçylaryň pikiriçe, bu kanun Russiýanyň raýat jemgyýeti guramalaryny, adam hukuklaryny goraýjylary we syýasy aktiwistleri, şol sanda Kremliň aç-açan tankytçysy Alekseý Nawalnynyň korrupsiýa garşy gaznasyny nyşana almak üçin, eden-etdilikli ýagdaýda ulanyldy.

Rus parlamentiniň aşaky palatasy birnäçe jedelli kanun taslamasyny tassyklady, adam hukuklaryny goraýjy guramalar we oppozisiýa olaryň demokratik proseslere zyýan ýetirýändigini aýdýar.

Döwlet dumasy tarapyndan 23-nji dekabrda tassyklanan kanun taslamalarynyň arasynda "daşary ýurt agentleri" baradaky jedelli kanuna birnäçe üýtgetme girizildi, olar bu ýarlygy alan guramalardan işleri barada hasabat bermeklerini we maliýe barlaglary bilen ýüzbe-ýüz bolmaklaryny talap edýär.

Şeýle-de, girizilen üýtgetmeler "daşary ýurt agentleri" hökmünde kesgitlenip bilinjek şahsyýetleriň we toparlaryň gerimini giňeldýär, täze çäklendirmeleri, hasaba alyş we hasabat talaplaryny girizýär, habar beriş serişdelerini bu şahslary ýa-da toparlary agzanda, olaryň "daşary ýurt agenleridigini" bellemäge borçly edýär.

Täze kanuna görä, Orsýetdäki syýasy wakalar bilen bagly ýa-da bu ýurtdaky goranyş, milli howpsuzlyk meseleleri barada maglumat ýygnaýan şahslar, şol sanda daşary ýurtly žurnalistler hem daşary ýurt agentleriniň sanawyna goşulmaly.

Şeýle-de, "daşary ýurt agentleri" diýlip atlandyrylýan şahslaryň döwlet işine girmekleri ýa-da häkimlik wezipesini ýerine ýetirmekleri gadagan edilmeli, şol bir wagtyň özünde olar häkimiýetlere ýazan hatlarynda we beýleki materiallarynda özlerini "daşary ýurt agenti" hökmünde görkezmäge mejbur edilmeli.

"Amnesty International", Halkara günä geçiş topary geçen aý bu ýurtda teklip edilýän kanunçylygyň "diňe Orsýetden daşardan maliýe alýan raýat jemgyýetlertiniň däl, eýsem beýleki toparlaryň hem köpüsiniň işini düýpli çäklendirjegini we zyýan ýetirjegini" aýtdy.

"Daşary ýurt agentleri" bilen baglanyşykly we 23-nji dekabrda tassyklanan başga bir kanun taslamasynda daşary ýurt agentleri diýlip atlandyrylýan şahslara ýa-da guramalara, resmi guramalara öz ýagdaýy barada habar bermedik we/ýa-da edýän işlerini rus häkimiýetlerine aýtmakdan ýüz öwren halatlarynda, 5 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Ilkibaşda 2012-nji ýylda kabul edilen "daşary ýurt agenti" kanuny şeýle bellikli guramalardan öz işleri barada hasabat bermegini we maliýe barlaglarynyň geçirilmegini talap edýärdi.

Tankytçylaryň pikiriçe, bu kanun Russiýanyň raýat jemgyýeti guramalaryny, adam hukuklaryny goraýjylary we syýasy aktiwistleri, şol sanda Kremliň aç-açan tankytçysy Alekseý Nawalnynyň korrupsiýa garşy gaznasyny nyşana almak üçin, eden-etdilikli ýagdaýda ulanyldy.

Döwlet dumasy 23-nji dekabrda, jemleýji okalyşda, metbugat düzgünleşdirijisi "Roskomnadzora" "rus metbugatyny kemsidýän" web sahypalary petiklemäge mümkinçilik berýän kanun taslamasyny hem tassyk etdi.

Şeýlelikde, "Roskomnadzora" kanuny bozan diýip bilnen web sahypalara bölekleýin, doly çäklendirilme girizmäge ýa-da olaryň elýeterliligini haýallatmaga rugsat berler.

Bu kanun taslamasy YouTube, Facebook we Twitter ýaly esasy sosial media web sahypalaryna täsir eder öýdülýär.

23-nji dekabrda tassyklanan kanun taslamalarynyň arasynda daşary ýurt guramalarynyň köpçülikleýin çärelere maliýe goldawyny bermegini gadagan edýän kanunlar bar.

Gürrüňi edilýän kanun daşary ýurt hökümetleriniň, guramalarynyň, raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk raýatlaryň, daşary ýurt agentleri diýlip atlandyrylýan şahsyýetleriň we guramalaryň, 16 ýaşdan kiçi rus raýatlarynyň, anonim goşant goşanlaryň we bir ýyldan az wagt içinde hasaba alnan rus guramalarynyň Orsýetdäki jemgyýetçilik çärelerini maliýeleşdirmegini gadagan etmegi hem öz içine alýar.

23-nji dekabrda tassyklanan kanun taslamalarynyň hemmesi indi, prezident Wladimir Putin tarapyndan tassyklanmazdan ozal, parlamentiň ýokarky palatasy, Federasiýa Geňeşi tarapyndan tassyklanmaly.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG