Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda satuwa çykarylan gyt harytlar ýene nobatdaky adamlaryň ählisine ýetmedi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Mary GRES şäherçesiniň golaýyndaky döwlet dükanynda ilata ýeňillikli bahadan hödürlenýän azyk önümleri çäkli möçberde satuwa çykaryldy. Käbir hojalyklar ellerinde nagt pul bolmansoň, käbiri-de dükanda ýeterlik haryt bolmansoň, bu iýmit önümlerini satyn alyp bilmedi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.

28-nji dekabrda Mary GRES şäherçesiniň golaýyndaky Mujewür we Kalinin geňeşlikleriniň ilatyna towuk budy, ýumurtga we şeker ýaly azyk önümleri döwlet bahasyndan satyldy. Ýöne bu önümler bir geňeşligiň ýaşaýjylaryna hem doly ýetmedi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, arasyny uly ýol kesip geçýän Mujewür we Kalinin geňeşlikleriniň ikisi üçin bir döwlet dükany bar. Dükan resmileri azyk önümleriniň ilki Mujewüriň, soňra-da Kalininiň ýaşaýjylaryna satyljakdygyny aýtdylar.

"Her hojalyga, adam sanyna seretmezden, bir kilogram towuk budy 15 manatdan satyldy. Ýöne onuň 350 gramy buz çykdy. Öyde towuk budunyň buzuny aýryp, terezä goýanyňda, onuň agramy 650 gram görkezýär. Ýumurtga her maşgala 10 sany 60 teňňeden satyldy. Şeýle-de, her maşgala bir kilogram şekeri satyn alyp bildi. Onuň bahasy 12 manada barabardy" diýip, bu harytlary satyn alan oba ýaşaýjylarynyň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Emma dükana getirilen azyk önümleriniň möçberi juda çäkli bolany sebäpli harytlar Mujewür geňeşliginiň ýaşaýjylaryna hem doly ýetmedi. "Kalinin obasynyň bir ýaşaýjysy hem bu azyk önümlerini satyn alyp bilmedi" diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.

Galyberse-de, Mujewüriň käbir hojalyklary dükanda ýeterlik haryt bolmansoň bu azyk önümlerini satyn alyp bilmedik bolsa, käbiri ellerinde nagt pul bolmansoň söwda edip bilmändiklerini aýdýarlar.

"Geňeşlikde pullary ýok, hiç bir ýerden girdeji gelmeýän hojalyklar az däl. Bize mugt bolmasa-da, karzyna berseler, biz Täze ýyl baýramynda çagalar bilen ýagşy dilegler edip, azyk önümlerini iýerdik. Indiki ýyl ýollar açylyp, daşary döwletlere işlemäne gitmäne mümkinçilik bolsa, biz bergili galmardyk" diýip, oba ýaşaýjylarynyň ýene biri anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, işsizlik we pulsuzlyk zerarly şu ýyla geçip, bir sapar hem döwlet dükanyndan azyk satyn alyp görmedik hojalyklar bar. Olaryň ýeňillikli bahadan azyk satyn almaga-da pullary ýok diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Agzalýan geňeşlikleriň ýaşaýjylary bank kartlaryna geçirilen zähmet we pensiýa haklaryny, şeýle-de kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda hem kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

"Birnäçe oba üçin diňe bir bankomat bar. Bu bankomada hepdede bir sapar pul salynýar. Ondan hepdede 30-40 adam puluny nagtlaşdyryp bilýär. Nobat bellän adamlaryň üç aýdan bir sapar nobaty ýetýär. Olar üç aýda bir gezek diňe 800 manat nagtlaşdyryp bilýärler. Gymmatçylyk döwründe 800 manat gaty az pul bolýar" diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.

Üstesine-de, oba dükanlarynda töleg terminallary işlemeýär. Dükan resmileri ýaşaýjylardan azyk harytlarynyň bahalaryny diňe nagt görnüşinde tölemegi talap edýärler.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Mary welaýat häkimliginden we agzalýan geňeşlikleriň ýerli resmilerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda indi dört ýyla golaý wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýän mahaly, döwlet dükanlarynda azyk we bankomatlarda nagt ýetmezçiligi ýitileşýär. Munuň bilen bagly döwlet dükanlarynyň we bankomatlaryň öňünde ägirt uly nobatlar, basa-baslyklar we dawa-jenjeller ýygy-ýygydan döreýär.

Türkmen resmileri tarapyndan boýun alynmaýan ykdysady krizis döwründe azyk önümleriniň bazar nyrhy günsaýyn ýokarlanýar. Bu bolsa ilat köpçüliginiň döwlet dükanlarynda ýeňillikli we kesgitli bahadan satylýan azyk önümlerine barha garaşly bolmagyna getirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG