Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow ýurtda elektrik üpjünçiliginde dörän bökdençlik üçin resmilere berk käýinç yglan etdi


Illýustrasiýa suraty. Aşgabat.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy dekabrda gije birnäçe sagadyň dowamynda ýurduň dürli künjeklerinde elektrik üpjünçiliginde dörän bökdençlik üçin wise-premýer Şamuhammet Durdylyýewe we energetika ministri Çarymyrat Pürçekowa berk käýinç yglan etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Prezidentiň gol çeken buýrugyna laýyklykda, energetika ministriniň orunbasary Batyr Hudaýberdiýewe-de işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi.

Sişenbe güni ýurduň dürli künjeklerinde köpçülikleýin häsiýetde ýüze çykan elektrik üpjünçiligindäki bökdençlik barada ýurduň döwlet mediasy habar bermedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 29-njy dekabrda agşam sagat 9 töwereklerinde Aşgabatda elektrik togunyň doly kesilendigini, aradan 20-30 minut geçenden soň, paýtagtyň käbir ýerlerinde, hususan-da hassahanalarda, myhmanhanalarda we "elitnyý" jaýlaryň ýerleşýän köçelerinde elektrik togunyň gaýtdan üpjün edilendigini habar berdiler. Paýtagtyň beýleki ýerlerinde elektrik üpjünçiligi birnäçe sagatdan soň täzeden dikeldildi.

Ýaşaýyş jaýlarynda toguň doly öçürilmegi 3 sagat töweregi dowam etdi. Elektrik togy ýerli wagt bilen sagat 23:40 töwereginde gaýtadan berildi. Şondan soň tok birnäçe gezek öçürildi we gaýtadan üpjün edildi.

Türkmen paýtagtynyň golaýyndaky Büzmeýinde, Änewde, şeýle-de Aşgabat GRES-iň ýerleşýän senagat şäherçesinde hem tok kesildi. Änewde we senagat şäherçesinde tok gije sagat 1-den soň berildi.

Elektrik üpjünçiligindäki bökdençlik 29-njy dekabrda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda-da ýüze çykdy.

Azatlygyň habarçylary elektrik üpjünçiligindäki bökdençligiň arasynda 29-njy dekabrda Aşgabatda we Lebapda mobil aragatnaşygyň hiliniň ýaramazlaşandygyny habar berdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG