Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň sudy Assanjy ABŞ-a ekstradisiýa etmekden ýüz öwürdi


"WikiLeaksiň" esaslandyrjysy Julian Assanj.
"WikiLeaksiň" esaslandyrjysy Julian Assanj.

Britan kazysy “WikiLeaks” saýtynyň esaslandyryjysy Julian Assanjy, onuň gizlin ABŞ harby resminamalaryny çap etmegi sebäpli ekstradisiýa edilmegi üçin ABŞ-nyň eden haýyşyny, Assanjyň ruhy saglygy babatdaky aladalar sebäpli ret etdi.

Londonyň kazysy Wanessa Baraitser Assanjyň öz-özüni heläklemek pikirleri baradaky subutnamalary beýan etdi we şeýle diýdi:

“Umuman, öz geljeginden gorkýan, kämahal çäresiz, ruhy çökgün adamyň keşbi”

ABŞ hökümeti bu karara arz-şikaýat bildirjekdini aýtdy. Bu, 10 ýyla çeken kyssada kanunçylyk taýdan has köp dawa-jenjele ýol açyp biler. 49 ýaşly Assanjyň tarapdarlary ýagdaýa media azatlyklary jähtden alada hökmünde garaýarlar.

Assanja garşy ABŞ-da 17 sany içalyçylyk aýyplamasy bildirilýär. Şeýle-de, oňa garşy syzyp çykan müňlerçe harby we diplomatik resminamany 2010-2011-nji ýyllarda “WikiLeaksde” çap edeninde kompýuterden hyýanatly peýdalanmakda bir sany aýyplama bildirilýär.

Onuň aklawçysy Assanjyň 30-40 ýyl möhlet bilen türmä basylmagynyň mümkindigini aýtdy, ýöne prokurorlar onuň tussaglyk möhletiniň 5 ýyldan köp bolmajakdygyny aýdýarlar.

Assanj, 2012-nji ýylda gaçybatalga alan Ekwador ilçihanasyndan 2019-njy ýylyň aprelinde çykarylandan soň, ABŞ-nyň haýyşy boýunça Londonda tussag edilipdi.

Assanjyň aklawçylary oňa garşy aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny, metbugat azatlygyny bogýandygyny we bütin dünýäde žurnalistleri howp astyna salýandygyny aýdýarlar.

Olar sentýabrda geçirilen ekstradisiýa diňlenişiginde Assanjyň syzan dokumentleri çap edeni üçin kanunçylygyň söz we metbugat azatlygy çygrynda goraga mynasypdygyny öňe sürdüler.

Şeýle-de, Assanj dürli ruhy kesellerden, şol sanda öz-özüni heläklemek meýillerinden ejir çekýär, eger ol ABŞ-da türmä basylsa ýagdaýy has erbetleşip biler diýip, onuň aklawçylary aýtdy.

ABŞ hökümetiniň adyndan çykyş edýän ýuristler dört hepde dowam eden diňlenişik tamamlananda eden jemleýji çykyşlarynda Assanjyň aklawçylarynyň gozgaýan meseleleriniň ne ýerliklidigini, ne-de kabul ederliklidigini aýtdylar.

Olar Assanjyň ruhy saglygynyň “onuň ekstradisiýa edilmeginiň öňüni aljak derejede ýiti däldigini” aýtdylar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy onlarça gurama we metbugat azatlygy boýunça guramalar, şol sanda Amnesty International, Human Rights Watch, “Serhetsiz reportýorlar” göz öňünde tutulýan ekstradisiýa garşylyk bildirdiler. German hökümetiniň bir resmisi häkimiýetleri onuň fiziki we ruhy saglygyny göz öňünde tutmaga çagyrdy.

“Mümkin bolan ekstradisiýanyň ynsan hukuklary jähtden ynsanperwer taraplary äsgermezçilik edilmeli däl” diýip, adam hukuklary boýunça komissar Baerbal Kofler öz beren beýanatynda aýtdy. “Assanjyň ABŞ-a ekstradisiýa edilip-edilmezligi barada karar kabul edilende, onuň fiziki we ruhy saglygyny göz öňünde tutmak örän zerurdyr” diýip, ol aýtdy we Britaniýanyň “Adam hukuklarynyň Ýewropa Konwensiýasy” boýunça öz üstüne alan borçlaryny nygtady.

Beýleki tarapdan, oňa ABŞ prezidenti Donald Trampyň günä geçiş yglan etmegi hem mümkin. Assanjyň ýoldaşy we onuň iki oglunyň ejesi Stella Moris Tramp 20-nji ýanwarda wezipeden gitmezden ozal, onuň Assanja günä geçiş yglan etmegini haýyş etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG