Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Katarda parahatçylyk gepleşikleri dowam edýän wagty, Owganystanda ýurt boýunça ýowuzlyk artýar


"Talybanyň" Owganystanda artdyrýan ýowuzlygyna jogap edip, Gunduz welaýatynyň ýaşaýjylary jeňçilere garşy ellerine ýarag aldy.
"Talybanyň" Owganystanda artdyrýan ýowuzlygyna jogap edip, Gunduz welaýatynyň ýaşaýjylary jeňçilere garşy ellerine ýarag aldy.

“Talyban” bilen Kabul hökümeti tas ýigrimi ýyla çeken urşuň soňuna çykmak maksady bilen Katarda parahatçylyk gepleşiklerine gaýtadan başlaýan wagty, Owganystanda ýurt boýunça ganly söweşler möwjeýär.

Günorta Helmand welaýatynyň geňeş agzalaryna görä, 6-njy ýanwarda giç agşam welaýat paýtagty Laşkar Gahyň “Talyban” gözegçiligindäki eteginde bir öýe edilen şübheli howa hüjüminde bäş asuda raýat öldürildi we başga-da azyndan dört adam ýaralandy.

Welaýat häkimi Abdul Nabi Elham hüjümiň howa zarbasydygy ýa-da başga hüjümdigi heniz anyk däl diýdi.

Ýurduň başga künjeklerinde iki howpsuzlyk bazasyna garşy edilen hüjümlerde howpsuzlyk güýçleriniň 12 agzasynyň öldürilendigi habar berilýär.

Hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Owganystanyň gepleşik geçiriji topary bilen “Talyban” 20 günlük arakesmeden soň, 6-njy ýanwarda Kataryň paýtagty Dohada parahatçylyk gepleşiklerine gaýtadan başlady.

Owganystanda dowam edýän zorlugyň we başly-baratlygyň arasynda sentýabrda başlanan gepleşiklerde heniz az öňe gidişlik gazanyldy.

XS
SM
MD
LG