Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzlar ses berýär: Öňki gaçgak Žaparow häkimiýetini berkitmäge çalyşýar


52 ýaşly Žaparow bidüzgünçilikler wagtynda demonstrantlar tarapyndan türmeden boşadylan belli syýasatçylaryň biri boldy.
52 ýaşly Žaparow bidüzgünçilikler wagtynda demonstrantlar tarapyndan türmeden boşadylan belli syýasatçylaryň biri boldy.

Bu ses berişlik 4-nji oktýabrdaky dawaly parlament saýlawlarynyň netijesi ýatyrylandan soň geçirilýär. Ol netijeler oppozisiýa tarapdarlary köçelere dökülip, şol wagtky prezident Sooranbaý Jeenbekowa ýakyn durýan partiýalara peýda getiren köpçülikleýin düzgün bozmalary ýazgaransoň ýatyryldy.

Gyrgyzystanda dawaly parlament saýlawlary netijesinde turan halk gozgalaňy ýurtda syýasy bulaşyklyk döredenden üç aý soň, milletçi syýasatçy Sadyr Žaparowyň häkimiýetde galmagyny berkitmäge çalyşýan prezident saýlawyndaky ses berişlik dowam edýär.

Takmynan 6,5 million ilaty bolan Merkezi Aziýa döwleti prezident saýlawy bilen bir wagtyň özünde parlament ulgamyny saklamalymy ýa-da prezident sistemasyna gaýdyp gelmelimi diýen sorag esasynda geçirililýän referendumda hem ses berýär. Bu meselede ýene bir warinat "hemmesine garşy" bolup durýar.

Ýurduň dürli künjeklerinde açylan 2300-den gowrak saýlaw uçastogynda barýan ses berişliklerde dörän bökdençliklere, nobatlaryň uzamagyna we ses beriş gutularyndaky skanerleriň doňmagyna aşa sowuk howa sebäp boldy.

Emma muňa garamazdan, saýlaw gününde ýerli wagt bilen günortana çenli uly bir düzgün bozma hasaba alynmady.

Şeýle-de, habar berişlerine görä, saýlawçylaryň 18,5 göterime golaýy ýerli wagt bilen sagat 2: 00-a çenli ses berdi.

Paýtagt Bişkegiň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji saýlawçylary saýlaw uçastogyna gitmäge hyjuwlandyrdy we adamlary "prowokatiw güýçleriň" saýlawlary bulaşdyrmagyna ýa-da soň bulaşyklyk döredilmegine ýol bermezlige çagyrdy.

Bu ses berişlik 4-nji oktýabrda geçirilen dawaly parlament saýlawlarynyň netijesi ýatyrylandan soň geçirilýär.

Parlament saýlawlarynyň netijeleri oppozisiýa tarapdarlary köçelere dökülip, şol wagtky prezident Sooranbaý Jeenbekowa ýakyn durýan partiýalara peýda getiren köpçülikleýin düzgün bozmalary ýazgaryp çykyş edenlerinden soň ýatyryldy. Şeýle-de, halk protestlerinden soň, prezident işden çekildi.

Şu aralykda 52 ýaşly Žaparow bidüzgünçilikler wagtynda demonstrantlar tarapyndan türmeden boşadylan belli syýasatçylaryň biri boldy. Ahyr netijede, gozgalaň sebäpli dörän häkimiýet boşlugyndan peýdalanan Žaparow premýer-ministr boldy, soň kanun çykaryjylar tarapyndan ýerine ýetiriji prezident saýlandy.

Kanunylygy barada sorag döreden bir topar öwrüm esasynda, köne parlamentden peýdalanyp, ol prezident sistemasy boýunça referendum geçirmek meselesini öňe sürdi.

Täze konstitusiýa taslamasyna ses bermek üçin çen bilen mart aýynda ýene bir referendum geçirmeli bolar.

Saýlaw güni çykyp gürlän Žaparow, prezident dolandyryşyna geçmek teklibi 10-njy ýanwarda saýlawçylaryň goldawyny alsa, Konstitusiýa Geňeşiniň täze konstitusiýa taslamasyny taýýarlamak üçin 11-nji ýanwarda işe başlajakdygyny aýtdy.

Tankytçylar, şol sanda “Human Rights Watch” guramasy we hukuk hünärmenleri, Gyrgyzystanyň wagtlaýyn mejlisiniň uzaklary nazarlaýan konstitusiýa üýtgetmelerini girizmek üçin kanuny hukugynyň ýokdugyny, sebäbi onuň möhletiniň geçendigini aýdýarlar.

Täze parlament saýlawlarynyň haçan geçiriljekdigi entek belli däl.

Şol bir wagtyň özünde, prezident saýlawlaryna gatnaşmagyny gadagan edýän kanuny bozmakdan saklanmak üçin, Žaparow noýabr aýynda iki wezipesinden hem çekildi. Emma muňa garamazdan, tankytçylar onuň kampaniýasynyň, esasy hökümet wezipelerini eýeleýän ýaranlarynyň arkasyndan, döwlet serişdelerinden peýdalanandygyny aýdýarlar.

Žaparow we onuň tarapdarlary referendum geçirilmegini teklip edenlerinde, ýurduň özgerişlige mätäçdigini, şu sebäpden hem, Merkezi Aziýadaky beýleki goňşy ýurtlardaky düzgünlere çalymdaş kanunçylyk we ýerine ýetiriş ygtyýarlyklaryny bermek üçin, prezidentiň roluny güýçlendirmelidigini aýtdylar.

Tankytçylaryň pikiriçe, bu häkimiýet ygtyýarlyklary sebitde köplenç hyýanatçylykly peýdalanylýar.

Eger referendum üstünlikli geçse we saýlawçylar Žaparowa ses berse, Gyrgyzystanda hem häkimiýet ygtyýarlyklarynyň has kän hyýanatçylykly ulanylmagy mümkin diýen alada bar.

XS
SM
MD
LG