Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Üýşen adamlary dargadýan polisiýa öz ýagdaýlarynyň hem 'gowy däldigini' duýdurýar


Polisiýa ofiserleri. Arhiw suraty

Ýolagçy otlularynda işleýän prawodnikleriň bary aýlyksyz rugsada ugradylan, hökümet köp serişde tygşytlaýar; Aşgabat ýolunda bir topar çadyr dikildi we olaryň deňinden geçen her ulagdan belli bir möçberde para alynýar diýip, ofiser ýollaryň ýapyklygynyň has kän girdeji getirýändigini aýtdy.

Türkmenistandaky işsizlik we güýçlendirilen çäklendirmeler eklenji kynlaşan ýaşaýjylar bilen häkimiýetleriň arasyndaky gatnaşyklaryň barha dartgynlaşmagyna getirýär diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy habar berýär.

"Şatlyk şäherçesiniň aňry çetindäki zaprawkanyň (ýangyç guýujy) öňündäki Gulanly diýilýän duralgada şu gün polisiýa bilen ýerli ýaşaýjylaryň arasynda biraz gatyrganyşma boldy; Oguzhan etrap polisiýasynyň işgärleri gelip, ýük ulaglary bilen Aşgabada gitmek üçin toplanan 50-den gowrak adamy dargatjak boldy" diýip, habarçy 12-nji ýanwarda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, iş üçin ýola çykan adamlar häkimiýetleriň "derrew dargamak" barada eden talabyna boýun bolmaýarlar. Şondan soň polisiýa golaýda ýerleşýän gaz edarasyna gidip, ol ýerden awtobus getirýär we adamlary ulaga mündirip, Şatlyk şäherçesiniň polisiýa bölümine alyp gidýär.

Polisiýa eltilen adamlaryň biriniň beren maglumatyna görä, olardan Gulanly duralgasynda üýşmezligi talap etdiler. Adamlar "onda biz Aşgabada nädip gitmeli, birimiz firmalarda, beýlekilerimiz hususy hojalyklarda işleýäris, bir zat edip aşmasak bolmaýar" diýdiler.

Aýdylmagyna görä, paýtagt töwereginde dürli işlerde işleýän adamlar bu ýerden Aşgabada et we beýleki önümleri daşaýan ýük ulaglaryna ýa-da GAZel awtoulaglaryna münüp, öz iş ýerlerine barýarlar.

"Samalýota münmäge ýagdaýymyz ýok, otly gatnawy açylmasa, biz işsiz oturmalymy?" diýip adamlar öz ýagdaýlaryny düşündirjek boldular.

Tutulyp eltilen adamlaryň biri ol ýerde işleýän garyndaşyna gabat geldi we polisiýa ofiseri oňa "karantin çäklendirmeleri başga ýerlerde aýrylsa-da, bizde açylmaz, sebäbi hökümet häzirki ýagdaýda uly girdeji alýar" diýdi.

Ady aýdylmadyk polisiýa işgäriniň sözlerine görä, ýolagçy otlularynda işleýän prawodnikleriň (ýolbeletleriň) bary aýlyksyz zähmet rugsadyna ugradylan, hökümet olara aýlyk tölemän köp serişde tygşytlaýar.

"Aşgabat ýolunda bir topar çadyr dikildi we olaryň deňinden geçen her ulagdan belli bir möçberde para alynýar" diýip, ofiser ýollaryň ýapyk wagtynyň açyk wagtyndaka garanda has kän girdeji getirýändigini gürrüň berdi.

Çäklendirmeleriň arkasyndan gazanylýan bikanun pullaryň az-küş däldigini we bu ýagdaýyň ýollaryň has uzak ýapyk saklanmagyna alyp gelmek ähtimallygyny Azatlygyň başga bir çeşmesi hem tassyk etdi.

Şeýle-de, Gulanly duralgasynda tutulan adamyň polisiýada işleýän garyndaşynyň aýtmagyna görä, şu ýyl polisiýa işgärleriniň sanynyň hem düýpli azaldylmagy mümkin.

"Biziňem basym işimizi ýitirmegimiz mümkin" diýip, polisiýa ofiseri garyndaşy bilen özara söhbetdeşlikde aýtdy.

Ol bu ähtimallygyň sebäbini öňünden görlen "taýýarlyklar" bilen düşündirdi.

"2019-njy ýylyň tomusynda polisiýa işgärleriniň köp işini PT-lere (Polisiýa Talyplary) we mekdep mugallymlaryna etdirdiler. Şol wagt olara öz edýän işleriňizi öwrediň diýseler, biz düşünmän, ähli bilýän zadymyzy öwretdik. Indi talyplar, mugallymlar biziň edýän işlerimizi etmäge taýyn, bizi haçan işden çykarsalar çykarybermeli" diýip, ofiser duralgada saklanan garyndaşyna içini dökdi.

Bizi abaý-syýasat, höre-köşe bilen goýberdiler, "gaýrat ediň, geçeniň gözüne görnüp durman, duralgadan Gulanly etrabyna tarap 500 metr süýşüp duruň, şol ýerde kerpiç zawody bar, hamala, kerpiç zawodynyň işgärleri ýaly bolup duruň" diýdiler diýip, saklanan adamlaryň biri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Şeýlelikde, adamlar taksi tutup, duralganyň aňyrsyndaky kerpiç zawodynyň ýanyna gitdiler, indi tutulsalar, olara jerime salynjakdygy aýdyldy.

Şu aralykda Marynyň polisiýa işgärleri çäklendirmeleriň döreden gazanç mümkinçiliklerinden peýdalanyp, kireý etmäge başladylar.

"Turkmen news" neşiriniň ýazmagyna görä, polisiýa ofiserleri Aşgabada barýan ýolagçylary Tejene çenli getirip, yzlaryna dolanýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG