Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskiň sudy 89 ýaşly enäni “Uzak ýaşa Belarus!” şygary üçin jezalandyrdy


Waleriýa Smirnowa

Minskiň sudy 89 ýaşly bir enäni ýurduň protestler baradaky kanunyny bozmakda günäli tapdy. Waleriýa Smirnowa mundan bir aý ozal, ýene-de başga onlarça protestçi bilen birlikde, diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň wezipesinden çekilmegini talap edip her hepde geçirilýän demonstrasiýalaryň dowamynda saklanypdy.

12-nji ýanwarda Leninksiý etrap sudy Smirnowany rugsat berilmedik proteste gatnaşmakda günali tapdy we oňa 870 belarus rubly ($337) möçberinde jerime saldy. Bu jerime ýutdaky ortaça aýlyk hakynyň ýarpysyndan hem köpdür.

Smirnowa 14-nji dekabrda pensionerleriň ýurduň demokratik hereketini goldap geçirýän hepdelik ýörişiniň dowamynda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklanypdy. Şol gün onuň bilen birlikde, başga-da 100-e golaý adam, şol sanda Smirnowanyň 67 ýaşly gyzy Lýudmila Bystrenko hem saklanypdy. Aýal maşgalalar polisiýa edarasynda alty sagat çemesi wagt geçirdiler.

Smirnowanyň çowlugy Dariýanyň sözlerine görä, onuň garry enesi “Uzak ýaşa Belarus!” diýen şygary üçin jezalandyrylypdyr.

Sud diňlenişiginde anonim ýagdaýda şaýatlyk eden bir polisiýa işgäri muny tassyklady diýip, Belarusyň Tut.by neşiri habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG