Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp Kapitolda bolan zorlugy ýazgarýar, Wekiller öýi prezidente ikinji gezek ynamsyzlyk bildirmek barada ses berdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bir hepde mundan ozal ABŞ-nyň Kapitol binasynda bolan zorlugy ýazgaryp, wideo ýüzlenme çap etdi, ýöne özüne ynamsyzlyk bildirmek barada geçirilen ses berişligi agzamady.

Tramp bu wideony 13-nji ýanwarda, Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi oňa “pitnä öjükdirmek” diýilýän üçin ynamsyzlyk bildirmek barada karara gol çekýän gabatlary ýaýratdy. ABŞ-nyň Wekiller öýüniň 232 agzasy prezidente ynamsyzlyk bildirilmegini goldap ses berdi, 197 wekil muňa garşy çykdy.

Impiçment ses berişligi bilen Tramp ABŞ-nyň taryhynda iki gezek ynamsyzlyk bildirmek barada karar kabul edilen prezident boldy. Soňky ses berişlikde Wekiller öýünden on respublikan palatanyň impiçment kararyny goldady.

Trampa ilkinji gezek 2019-njy ýylda onuň Ukraina bilen gatnaşyklary sebäpli ynamsyzlyk bildirildi, ýöne Senat 2020-njy ýylda ony aklamak barada ses berdi.

Trampa ynamsyzlyk bildirmek barada kabul edilen soňky karar onuň saýlanan prezident Jo Baýdeniň ýeňşi barada aýdan sözlerine we ýaýradan ýalňyş maglumatlaryna, şol sanda 6-njy ýanwar hüjüminiň öňüsyrasynda geçirilen ýörişde eden çykyşyna salgylandy. Kapitol binasyna edilen hüjümde bäş adam öldi.

Tramp öz ýaýradan wideo ýüzlenmesinde zorlugy berk ýazgardy. “Bu meniň ynanýan ähli zadyma hem-de hereketimiziň manysyna ters gelýär” diýip, ol aýtdy hem-de özüniň hakyky goldawçylarynyň “asla syýasy zorlugyň tarapynda çykyş edip bilmejekdigini” aýtdy.

Ýöne ol impiçment barada ýa-da onuň mähelläni öjükdirendigi barada özüne atylýan aýyplamalara hiç zat diýmän, oňa derek, amerikan halkyny “häzirki pursatyň hyjuwlaryny ýeňip geçmäge” çagyrdy.

Wekileriniň öýüniň alan karary aýyplawa deňdir we ol respublikanlaryň gözegçiligindäki Senatda diňlenişik geçirilmegine ýol açýar. Prezident barada günäkär diýip, höküm çykarmak üçin Senatyň üçden iki agzasynyň sesleri zerur. Şeýle bolanda onuň prezidentlik wezipesine dalaş etmeginiň öňi baglanar.

Impiçment ses berişliginden soň, Baýden beýanat ýaýratdy, ýöne Senatyň Trampy günäli tapyp-tapmazlygy barada pozisiýa beýan etmedi.

Ol Senatyň COVID-19 goşmaça kömek çäreleri we ýolbaşçy wezipelere öz hödürleýän adamlaryny tassyklamak işleri ýaly “beýleki möhüm meseleler” bilen impiçment diňlenişiginiň arasynda deňagramlylygy saklajakdygyny umyt bildirýändigini aýtdy.

Beýanat “ýaragly pitne” bilen bagly Trampy aýyplady we ýurduň 244 ýyllyk taryhynda “demokratiýa edilen ozal görlüp-eşidilmedik hüjüm” üçin “jogapkär adamlaryň jogapkärçilige çekilmelidigini” aýtdy.

Tramp öz wideosynda Baýdeniň prezidentlige kasam kabul etjek güni, 20-nji ýanwarda ýurduň ähli künjeklerinde we Waşingtonda zorluga garşy beren duýduryşyny gaýtalady.

Ol federal agentliklere tertip-düzgüni saklamak üçin ähli zerur serişdelerden peýdalanmagy tabşyrandygyny hem-de “şäherde howpsuzlygy üpjün etmek üçin we geçişiň amala aşyrylmagy üçin” Milli gwardiýanyň müňlerçe ofiseriniň Waşingtonda bolmagyny buýruk berendigini aýtdy.

Ondan ozal, demokratlar Trampy pitneçi üýşmeleňi öjükdirmekde aýyplaýan mahaly, Wekiller öýünde çekişme ýiti boldy.

“Adamlar öldi. Hemmeler muňa gazaplanmaly. Eger bu ynamsyzlyk bildirerlik jenaýat däl bolsa, men bilemok, onda haýsy jenaýat [ynamsyzlyk bildirerlik]” diýip, wekil Jim MakGowern (Jim McGovern, demokrat – Massaçusets) aýtdy.

Wekil Julian Kastro (Julian Castro, demokrat – Tehas) Trampy “şu wagta çenli Tegelek ofisi eýelän iň howply adam” atlandyrdy.

Trampy gorap çykyş eden respublikanlar onuň wezipä girişmeginiň ilkinji gününden başlap, dört ýyl bäri demokratlaryň Trampa ynamsyzlyk bildirmäge synanyşýandygyny aýtdylar.

“Bu, elmydama-da, her edip hesip edip, prezidenti almak barada boldy. Bu mübtela boldy, indi bu mübtela giňedi” diýip, Jim Jordan (respublikan, Ohaýo) palata ýüzlendi. “Bu ýerde gürrüň, indi, diňe bir impiçment barada däl, prezidenti we özleri bilen ylalaşmaýan islendik adamy ýatyrmak, goýbolsun etmek barada barýar” diýip, ol aýtdy.

Wekiller öýüniň azlyk lideri, Trampyň Kongresdäki iň ýakyn ýaranlarynyň biri Kewin MakKarti (respublikan – Kaliforniýa) “şeýle gysga wagtyň içinde prezidente ynamsyzlyk bildirmegiň ýalňyş boljakdygyny” aýtdy.

Ýöne ol Trampyň hüjümler üçin “jogapkärçiliginiň bardygyny” aýtdy we ol nämeleriň bolup geçýändigini gören badyna pitneçi üýşmeleňi dessine ýazgarmaly ekeni diýdi.

Senatyň köplük lideri Miç MakKonnell (Mitch McConnell, respublikan – Kentaki) demokratlaryň gyssagly impiçment diňlenişigini ret etdi. Ol Tramp wezipäni terk etmezden ozal, şeýle diňlenişigi netijelendirmek üçin wagtyň ýokdugyny aýtdy. Ýöne ol özüniň nähili ses berjekdigi barada heniz karara gelmändigini aýtdy.

13-nji ýanwarda kanun çykaryjylar karary ara alyp maslahatlaşýan mahaly, Milli gwardiýanyň esgerleri we polisiýa howpsuzlygy üpjün etmek üçin Kapitolyň töweregine ýerleşdirildi.

Federal derňew býurosy (FBI) Baýdeniň inagurasiýasyna çenli Birleşen Ştatlarda ýüze çykyp biljek “ýaragly protestler” boýunça duýduryş berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG