Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nawalnyý tussag edilmek howpy astynda Orsýete dolandy


Nawalnyý Berlinden Orsýete gelýär.

Rus oppozisiýa wekili Alekseý Nawalnyý, rus häkimiýetleriniň tussag etmek we birnäçe ýyl türme tussaglygyna höküm etmek niýetini bildirendigine garamazdan, Berlinden Moskwa gaýtdy.

Orsýetiň “Pobeda” howaýollarynyň uçary bilen gelýän Nawalnynyň 17-nji ýanwarda, ýerli wagt bilen sagat 7:20-de Moskwanyň Wnukowo howa menziline gonmagyna garaşylýar.

Wnukowodaky žurnalistler bu ýerde polisiýa ofiserleriniň köpdügini bellediler, häkimiýetler bolsa orsýetlileri Nawalnyny garşylamaga çykmazlyga çagyrdy.

Germaniýada birnäçe aýlap bejergi alan açyk kreml tankytçysy özüniň zäherlenmeginde rus häkimiýetlerini günäkärleýär.

Ol Nowiçok görnüşli nerw agenti bilen zäherlenenden soň, 2020-nji ýylyň awgust aýynda Tomskdan Moskwa uçup barýarka hassalady.

Onuň gaýdyp gelmegi prezident Wladimir Putiniň iň sesli duşmanlaryndan biri bolan Nawalny bilen Kremliň arasynda bolup biljek çaknyşyk üçin esas döredýär.

Russiýanyň Federal Jeza Gullugy (FSIN) geçen aýyň aýagynda Nawalnydan Germaniýadan derrew dolanmagy talap etdi ýa-da Orsýetde 2014-nji ýylda berlen şertli tussaglygynyň düzgünlerini bozup, sülçüleriň çakylygyndan gaçandygy üçin türmä basyljakdygyny aýtdy. Ol 2014-nji ýylda kezzapçylykda günäli tapylypdy.

Nawalnyý bu iş boýunça özüne bildirilýän ähli günäni inkär edýär we soňky ýyllarda özüne garşy gozgalan beýleki birnäçe jenaýat işi ýaly, Kremle garşy alyp barýan syýasy işi üçin, özünden ar alynjak bolunýandygyny öňe sürýär.

Kazyýetiň dokumentlerine görä, oňa 3 ýarym ýyl azatlykdan mahrum edilmek ähtimallygy garaşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG