ABŞ-nyň kanun goraýjy edaralary, prezident saýlanan Joe Baýdeniň kasam kabul ediş dabarasynda howpsuzlyk ýagdaýyna hatar döremejegine kepil geçmek üçin Waşingtonda nobatçylyk edýän Milli Gwardiýa goşunlaryny barlaýar.
Resmiler içerki hüjümden alada bildirip Waşingtona iberilen Milli gwardiýanyň 25 000 töweregi agzasyna federal kanun goraýjy guramalar tarapyndan gözegçilik edilýändigini 17-nji ýanwarda aýtdylar.
Goşun sekretary Raýan Makkarti resmileriň içerki hüjümiň bolup biläýjek howpundan habarlydygyny aýtdy we serkerdelere öz hataryndaky islendik problemany üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Ol serkerdeleriň şu wagta çenli haýsydyr bir howpuň abandyrýandygyny görmändigini aýtdy.
Milli gwardiýa ýolbaşçylyk edýän general Daniel Hokanson, CBS News-a beren interwýusynda Makkartiniň aýdanlaryny gaýtalady.
Hokanson, barlagyň Gizlin gulluk we FBI bilen bile geçirilýändigini belledi.
20-nji ýanwarda Waşingtonda prezidentiň inagurasiýasynyň geçiriljek bölegi 6-njy ýanwardaky hüjümden soň görlüp-eşidilmedik howpsuzlyk çäreleri astynda saklanýar.
Prezident Donald Trampyň tarapdarlarynyň paýtagtda Kapitola eden hüjüminden soňky bulaşyklyga gatnaşanlaryň käbiriniň häzir ýa-da ozal harby gulluga gatnaşygynyň bardygy anyklandy.