Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Western Union hyzmatlary we daşary ýurt walýutasyndaky bank geçirmeleri elýeterli däl


"Western Union" arkaly pul gecirmek üçin kwitansiýa
"Western Union" arkaly pul gecirmek üçin kwitansiýa

Türkmenistanda Western Union hyzmatlary we daşary ýurt walýutasynda bank üsti bilen pul geçirmeleri ilata elýeterli däl. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we garaşsyz habar neşirleri maglumat berýärler.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, daşary ýurtlarda bilim alýan studentlere "Western Unionyň" üsti bilen pul ibermegi umyt eden ene-atalara bu ulgamyň iň bolmanda 25-nji ýanwara çenli işlemejekdigi we bu ýagdaýyň ondanam has uzak dowam edip biljekdigi aýdylypdyr.

"Western Unionyň" Türkmenistandaky ofisleriniň täze ýyldan öň ýapylyp başlanandygyny habarçylarymyz aýdypdy.

"Türkmenistanyň Hronikasynyň" habaryna görä, paýtagtyň ofisleri 4-nji ýanwarda ýapylypdyr, şonda kompaniýanyň hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýänlere bu işiň 15-nji ýanwardan başlap biljekdigi habar berlipdir.

Bu aralykda, daşary ýurt walýutasynda VISA kartoçkalaryna bank üsti bilen pul geçirmek mümkinçiligi hem bes edildi. 19-njy ýanwarda Azatlygyň habarçysy Türkmen -türk bankynyň işgärleriniň bu işe başlamagyna gün-günden garaşýandyklaryny habar berdi, ýöne ol resmi kursdan çalyşmak üçin rugsat beriljek puluň mukdarynyň belli däldigini belleýär.

Hemmeler garaşýar, diýip habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda ilatyň daşary ýurtlara walýutada pul ibermegine girizilen çäklendirmeler, daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentlerine gaty ýaramaz täsir ýetirýär. Ýaşlaryň köpüsi eklençsiz galýar, okuwy üçin wagtynda töläp bilmeýär. Köpüsi okuw töleginiň giçikdirilmegi sebäpli uniwersitetlerden çykarylýar.

Türkmenistanyň ilaty "Western Union" we bank üsti bilen pul ibermekde ýyllarboýy kynçylyk çekip gelýär. Emma pandemiýa sebäpli daşary ýurtlara uçar gatnawynyň ýatyrylmagy ýagdaýy hasap agyrlaşdyrdy. Syýahatçylygyň gadagan edilmeginiden soň "Western Union" we bank üsti bilen edilýän operasiýalar ýurduň daşyna pul ibermek üçin ýeke-täk mümkinçilige öwrüldi.

Indi Orsýetiň uniwersitetlerinde gyş sapaklary başlandy, töleglerini geçirip bilmedik türkmenistanly ýaşlaryň köpüsine sapaga gatnamaga rugsat berilmedi. Köpüsi okuwdan mahrum bolmak töwekgelçiligine uçrady hem umytsyz ýagdaýa düşdi diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" ýazýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG