Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen banklary studentlere pul ibermek düzgünlerine täze çäklendirme girizdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentlere we olaryň ene-atalaryna garşy täze çäklendirme-düzgünini girizdiler.

Mundan beýläk Türkmenistanyň banklary daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul iberjek ene-atalardan degişli ýokary okuw jaýynyň (ÝOJ) beren resminamasyna türkmen ilçihanasynyň resmi möhürini goýdurmagy hem talap edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

"Awgust aýyndan başlap ýurduň banklary daşary döwletlerdäki çagalarynyň täze okuw ýyly üçin okuw we umumy ýaşayyş jaý töleglerini ibermek isleýän ene-atalaryň töleglerini kabul etmekden ýüz öwürdiler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 14-nji awgustda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, olaryň arasynda manady resmi kurs boýunça dollara çalşyp, walýutany daşary ýurt okuw jaýlaryna iberýän "Senagat", "Turkmenbaşy" we "Türkmen-türk" banklary bar.

"Banklar munuň sebäplerini "4-nji awgustda kabul edilen buýruk" bilen düşündirýärler we indi türkmen studentiniň öz okaýan ýokary okuw jaýyndan alan resminamasynda ÝOJ-yň möhürinden başga-da, Türkmenistanyň degişli ýurtdaky ilçihanasynyň möhüriniň bolmalydygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, olar agzalýan buýrugyň nusgasyny görkezmekden ýüz öwürýärler" diýip, ene-atalaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Habarçy täze talabyň yzýany, daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentleriň türkmen ilçihanalaryndan resmi möhür almaga synanyşýandygyny, ýöne munuň başa barmaýandygyny hem belleýär.

"Russiýanyň dürli şäherlerinde okaýan 10-dan gowrak türkmen studenti ilki Sank-Peterburgdaky, Astrahandaky we Kazandaky türkmen konsulhanalaryna barypdyr. Türkmen konsulhanalary olary kabul etmändir. Soňra olar goşmaça maddy çykdajy edip, geçen hepde Moskwadaky türkmen ilçihanasyna gidipdir. Olar ilçihananyň daşynda ençeme sagatlap garaşýarlar, ýöne olary kabul etmeýärler. Ahyrynda garawul ilçihananyň karantindedigini we işlemeýändigini aýdypdyr" diýip, habarçy studentlere we ene-atalara salgylanyp aýtdy.

Şeýle-de, ol Moskwadaky türkmen ilçihanasynyň Russiýanyň dürli şäherlerinden telefon edýän türkmen studentleriniň jaňlaryna hem oňaýly jogap bermeýändigini hem belledi.

"Belarusda okaýan studentleriň-de ençemesi Minskdäki türkmen ilçihanasyna barypdyr. Ýöne bu ýerde-de olary kabul etmän, kowup diýen ýaly yzlaryna gaýtarypdyrlar" diýip, habarçy gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, şu gunler turkmen studentlerine daşary ýurt ÝOJ-lary kömek etmäge synanyşýar. Ýöne olaryň bu synanyşyklary-da häzirki güne çenli oňaýly netije bermeýär.

"Geçen hepde Russiýanyň Belgorod döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň websaýtyna resmi hat iberipdir. Hatda okuw jaýy özünde okaýan türkmen studentleriniň sanawyny iberip, ilçihanadan olary tassyklamagy haýyş edipdir. Ýöne bu hata 14-nji awgusta çenli jogap berilmändir" diýip, habarçy bu ÝOJ-da okaýan studentleriň we olaryň ene-atalarynyň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Ene-atalaryň sözüne görä, rus uniwersitetleriniň köpüsinde administrasiýa täze okuw ýyly üçin soňky töleg möhletiniň sentýabr aýynda geçirilmelidigini yglan etdi.

Şu hepde ene-atalaryň bir topary banklaryň talap edýän möhürini türkmen ilçihanalaryndan alyp bolmaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýüzlenýär.

"Bu ýerde olara "Baryň, banklaryňyz bilen çözülişiň!" diýip jogap beripdirler. Ene-atalar çykgynsyz ýagdaýda. Olar "çagalarymyzyň okuw töleglerini iberip bilmesek, okuwdan çykarylar we okan ýyllary puja çykar" diýýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu barada agzalýan banklardan we ýurduň Daşary işler ministrliginden kommentariý alyp bilmedi. Redaksiýa bu mesele boýunça Moskwadaky türkmen ilçihanasy bilen ençeme gezek habarlaşanda, telefona jogap beren resmiler trubkany taşlamak bilen boldular.

2016-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda walýutanyň resmi söwdasy ýatyrylandan soň, ýurtda dollaryň iki - resmi we "gara bazar" - nyrhy emele geldi. Merkezi bank dollaryň resmi kursyny 3,5 manat möçberinde saklap gelýän wagty, onuň "gara bazardaky" bahasy 25 manada ýetdi.

Häzirki wagtda ene-atalar daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna dollaryň resmi kursynda diňe türkmen banklary ýa-da Western Union pul ibermek hyzmatlary arkaly çäkli möçberde pul iberip bilýärler.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, türkmen häkimiýetleri ilatyň pul ibermek düzgünlerini yzygiderli çäklendirip gelýärler.

Geçen aýyň ahyrynda türkmen häkimiýetleriniň pula mätäçdigi barada arza ýazan studentleriň ýurtdan goýberilmejekdigini duýdurýandygy habar berildi.

arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG