Human Rights Watch (HRW) Gazagystanda maliýe hasabatlarynda ýol berlendigi aýdylýan 'kanun bozmalar' üçin adam hukuklaryny goraýjy toparlara garşy alnyp barylýan “basyp ýatyrmalaryň” gazak ýolbaşçylarynyň ýurtda adam hukuklaryny ösdürmek “tagallalary” babatynda “çynlakaý şübhe” döredýändigini aýtdy.
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama 20-nji ýanwarda beren beýanatynda häkimiýetleriň adam hukuklaryny goraýjy aktiwistlere we guramalara garşy köpden bäri “çäklendiriji kanunlary we çakdanaşa aýyplamalary” ulanyp gelendigini aýtdy. Ýöne “Gazagystanda birleşmek azatlygyna edilen soňky hüjüm bilen bagly geň galdyryjy ýagdaý: näçe toparyň birden nyşana alynýandygy hem-de häkimiýetleriň aç-açan bikanun hereket etmekleridir” diýip, HRW aýtdy.
Beýanatda HRW-yň Merkezi Aziýa boýunça ýokary derejeli hünärmeni Mihra Rittmann 15-nji ýanwarda Almatynyň salgyt resmileri tarapyndan jerime salnan “Eho” saýlaw synçy toparynyň işine salgylandy.
Aradan üç gün geçenden soňra Nur-Sultan resmileri “Erkindik Kanaty” adam hukuklaryny goraýjy topara hem jerime ýazdy.
Üstümizdäki günlerde başga-da azyndan dört hökümete degişli bolmadyk gurama ýerli salgyt edaralaryna çagyryldy diýip, Rittmann aýtdy. Bu toparlaryň öz işlerini togtatmak ýa-da jerime tölemek ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz galmagy mümkin diýip, ol sözüne goşdy.
Hünärmen halkara jemgyýetçiligini “bu abraýly hukuk toparlaryny goldap çykyş etmäge çagyrdy” we “olaryň geljeginiň muňa bagly bolmagynyň mümkindigini” aýtdy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?