Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baýden döwlet başyna geçen badyna ABŞ-nyň syýasy ugruny öwrüp başlady


ABŞ-nyň prezidenti Joe Biden inaugurasiýa dabarasynyň yzýany Ak Tamda Covid-19 pandemiýasyna degişli täze kararlara gol çekdi, Waşington, 20-nji ýanwar, 2021.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Donald Trampyň käbir möhüm syýasy başlangyçlaryny üýtgetmegine az wagt gerek boldy. Ol prezident kasamyny etmeginiň yzýany immigrasiýa, howanyň üýtgemegi we koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly birnäçe kararlara dessine gol çekdi.

20-nji ýanwarda ýurduň 46-njy prezidenti hökmünde Kapitolyň basgançagynda kasam eden Baýden, ABŞ üçin agyr pursatda ýurdyň syýasy taýdan bölünen, jyns dartgynlylygynyň ýokarlanan, koronawirus sebäpli ykdysadyýetiň çöken we köp ýaranyň daşlaşan wagtynda Ak tama gadam basdy.

Baýden bu meselelere gönüden-göni girişip, ýurduň lideri hökmünde çykyş etdi we amerikalylary umumy bähbidiň hatyrasyna duşmançylygy aradan aýyrmaga çagyrdy.

"Bu kynçylyklary ýeňip geçmek, ruhy dikeltmek we Amerikanyň geljegini üpjün etmek sözlerden başga-da köp zady talap edýär. Demokratiýa ähli zatdan öňürti bütewüligi talap edýär" - diýip Bideniň Kapitolyň basgançagynda durup aýdan bu sözleri öňki prezident Donald Trumpyň tarapdarlarynyň eden hüjüminden iki hepde yzýanyna gabat geldi. Kapitola edilen şol hüjüm bäş adamyň ölmegine sebäp boldy.

"Biz mawy reňki gyzyla, obalary şäherlere, konserwatiwleri liberallara garşy iterýän bu gödek söweşi bes etmeli. Biz ýüreklerimizi gatyrmagyň ýerine açsak muny etmegi başararys" diýip, Biden aýtdy.

Baýden özünden ozalky käbir gapma-garşylykly syýasy kararlary ýatyrmak, şol sanda musulmanlaryň aglaba köplügi hem Afrika ýurtlarynyň raýatlarynyň köpüsi üçin syýahat gadagançylygyny ýatyrmak, ABŞ-Meksika serhedinde diwaryň gurluşygyny togtatmak baradaky we Trampyň ABŞ-da bikanun galýan migrantlaryň kongress tarapyndan hasaplanmagynyň öňüni alýan kanunlaryny ýatyrdy.

Şeýle hem, Biden Içeri howpsuzlyk ministrligine we ABŞ-nyň baş prokuroryna ýurda çagaka gelen migrantlary deportasiýa etmekden goraýan maksatnamalary saklap galmagy tabşyrýan memoranduma gol çekdi.

Tankytçylar, Trampyň şol syýasatynyň ABŞ-da etnik we jyns taýdan düşünişmezlige sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Mundan öň diňe iki prezident işe başlan ilkinji gününde kanunlara gol çekipdi, emma olaryň hersi diňe bir kanuna gol çekipdi. Emma Baýden koronawirus pandemiýasy we jyns gapmagarşylygy ýaly problemalara ýüzbe-ýüz bolýan ýurtda, özünden ozalky baştutan döwründe elden berlen mümkinçilikleri ulanmak üçin gyssanmaçlyk we işjeňlik görkezmek isledi.

Baýden, ýurduň daşyna hem ýüzlendi we beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklary abatlamaga söz berdi.

"Bileleşiklerimizi abatlarys, düýnki kynçylyklary ýeňip geçmek üçin däl-de, şu günki we ertirki kynçylyklary çözmek üçin dünýä bilen ýene bir gezek işleşeris" - diýip, Baýden aýtdy.

"Amerika synag edildi" - diýip, Biden 6-njy ýanwarda Waşingtonda bolup geçen hüjümi agzady we "biz mundan has güýçli çykdyk" - diýdi.

Inaugurasiýa dabarasynda, ABŞ-nyň taryhyndaky ozalkylaryndan tapawutlylykda, Tramp döwründäki bulagaýlyk we ýurda howp salýan pandemiýa aç-açan ýatlandy.

Milli gwardiýanyň müňlerçe ýaragly goşuny öň görlüp-eşidilmedik derejede güýç görkezip, Kapitolyň daşynda durdy.

Zorlugyň döremek howpunyň öňüni almak maksatly daşy gabalan binanyň içinde ozal häkimiýetiň parahatçylykly geçişini dabaralamak üçin gatnaşan müňlerçe amerikalylaryň ýerine, bu gezek müňlerçe baýdak dikildi.

Hatda abraýly adamlar, şol sanda ABŞ-nyň öňki prezidentleri Barak Obama, Jorj W. Buş we Bill Klinton hem maska dakynyp, pandemiýa sebäpli sosial aralygy saklamak düzgünlerini berjaý edip, dabara gatnaşdy. Koronawirus pandemiýasy 400,000 amerikalynyň ölümine sebäp boldy.

Prezidentiň kararlary, ýüz maskalary we seýrek mähelle döwri ýatladýan ýeke-täk alamatlar däldi.

ABŞ-nyň taryhyndaky 152 ýylyň içinde işden çekilýän prezident ilkinji gezek täze prezidentiň kasam ediş dabarasyna gatnaşmady. Muňa garamazdan, Ýokary suduň baş sudýasy Jon Roberts Baýdeniň kasamyny kabul etdi.

Baýdeniň ýeňşini ykrar etmekden ýüz öwüren we saýlawyň kanunydygyna şübhelenmegini dowam etdirýän Tramp, ýerli wagt bilen ir sagat 8: 15 töwereginde Ak tamdan çykyp, Join Base Andrews harby howa bazasyna dikuçarly ugrady.

Howa meýdançasynda maşgalasy we öz tarapdarlary bilen söhbetdeş bolan Tramp: "Prezidentiňiz bolmak meniň üçin uly mertebe boldy. Sag boluň" - diýdi.

Häkimiýetiň deňagramlylygy demokratlaryň prezidentden başga-da Kongresiň iki palatasyna-da gözegçilik etmegini üpjün edýär we Baýdeniň 2022-nji ýylda geçiriljek orta möhlet saýlawlardan öňki gün tertibini dowam etdirmegine ýol açýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG