Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda okaýan türkmenistanlylar pulsuz kösenýär


Bankdaky nobat
Bankdaky nobat

Özbegistanyň ÝOJ-larynda okaýan türkmenistanly studentleriň ýarysyna golaýy, ene-atalaryndan pul almakda dörän kynçylyklar sebäpli, çynlakaý maliýe kösençliklerini başdan geçirýär we bergi-borja girýär diýip, “Turkmen.news” habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, soňky döwürde Özbegistanda okaýan türkmenistanly köpeldi we häzir diňe Urgenç döwlet uniwersitetinde 1182 türkmenistanly okaýar.

Olar esasan Daşoguz we Lebap sebitlerinden bolup, ýylda okuw üçin 2 müň dollar, ýaşaýyş jaýy üçin bolsa aýda 15 dollar töleg töleýär, munuň üstesine iýgi-içgi hem gerek, azyk önümleri bolsa ýyl başyndan ýene gymmatlady diýip, habarda aýdylýar.

Daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentleriň soňky dörän maliýe kynçylyklary Western Unionyň ýyl başyndan Türkmenistandaky işini togtatmagy bilen düşündirilýär.

Western Union ýanwar aýynyň ortalarynda işini gaýtadan başlady, ýöne öňküsinden has azaldylan çäklerde, Türkmenbankda we Türkmen-Türk bankynda iň ýokary serişde geçirmek mümkinçiligi aýda 150 dollardan 100 dollara, Senagat bankynda bolsa 192 dollardan 50 dollara çenli azaldyldy diýip, TN ýazýar.

Mundan başga, Wiza kartoçkasyna geçirilýän pul mukdarynyň hem 300 dollardan 100 dollara çenli azaldylandygy aýdylýar.

Türkmenistanly studentler häkimiýetler tarapyndan girizilýän ol ýa-da beýleki çäklendirmeler esasynda, ýyllar boýy yzlaryndan, ene-atalaryndan kömek puluny almakda kynçylyk çekýärler we daşary ýurtlarda, okuwdan soň dürli işlerde işläp, kanuny ýa bikanun ýagdaýda gazanç etmäge mejbur bolýarlar.

Bu kynçylyklar käte olaryň iş ýerleinde heläkçilige uçramagyna getirse, kähalatda jenaýata baş goşmagyna sebäp bolýar.

Mysal üçin, rus metbugatynyň golaýda beren habaryna görä, Galmygystanyň paýtagty Elistada, okuwynyň daşyndan işläp, abatlanýan söwda merkezinde gazanç etmäge çalşan türkmen studenti heläk boldy.

Orsýetiň “Interfaks” habar gullugynyň 15-nji ýanwarda çap eden habarynda abatlanýan söwda merkezinde ýykylan diwardan ejir çeken gurluşykçylaryň ikisiniň-de Russiýa Türkmenistandan okamaga gelendigi aýdylýar. Olaryň biri wakanyň bolan ýerinde jan berdi, beýlekisi bolsa hassahana ýerleşdirildi diýip, neşir habarly çeşmä salgylanyp ýazýar.

Bu maglumat Galmygystanyň prokuraturasy tarapyndan hem tassyk edilipdir.

Türkmen metbugaty daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan maliýe kynçylyklary we beýleki agyr meseleleri barada hiç bir maglumat çap etmeýär.

XS
SM
MD
LG