Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB-niň Daşary işler ministrleri Orsýetiň Nawalnyý babatyndaky hereketlerini maslahat edýärler


Alekseý Nawalnynyň tussag edilmegine garşy protest aksiýasy, ,St. Peterburg, 24-nji ýanwar, 2021

25-nji ýanwarda ÝB-niň daşary işler ministrleri Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň tussag edilmegine we ony goldamak üçin geçirilen protestleriň basyp ýatyrylmagyna berjek jogabyna gararlar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Josep Borrell bu ýygnakda Orsýete garşy "indiki ädimleriň" ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Orsýetiň “OWD-Info” agentliginiň habaryna görä, 23-nji ýanwarda Orsýetde geçirilen demonstrasiýalarda 3700-den gowrak demonstrant tussag edilipdi, bu ýurduň soňky ýyllarda hökümete garşy iň uly demonstrasiýasy boldy.

Bu san Moskwada tussag edilen 1 455 adamy öz içine alýar, polisiýa bilen çaknyşykda birnäçe adam ýaralandy.

Günbatar ýurtlary demonstrantlara garşy ulanylýan "gödek taktikany" giňden ýazgardy.

Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan-Iwes Le Drian 24-nji ýanwarda demonstrantlaryň köpçülikleýin tussag edilmeginiň "çydap bolmajak garşylyk" we "awtoritarizme tarap süýşmek" bolandygyny aýtdy.

On müňlerçe adam Moskwada, Sankt-Peterburgda we beýleki uly şäherlerde köçelere çykyp, harby nerw agenti tarapyndan zäherlenendigi sebäpli Germaniýada saglygyny dikeldip, bir hepde öň Orsýete gaýdyp gelen Nawalna goldaw bildirdi we tutha-tutluklara sezewar edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG