Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarusdaky protestlerde 160-a golaý demonstrant tussag edildi


Syýasy tussaglar bilen raýdaşlyk ýörişi, 23-nji ýanwar, Minsk, 2021

Belarusda hepdäniň ahyrynda awtoritar Alýaksandr Lukaşenka garşy dowam edýän protestleriň dowamynda 160-a golaý demonstrant tussag edildi. Oppozisiýa we protestçiler Lukaşenkanyň awgust aýynda geçirilen saýlawlarda prezidentligiň altynjy möhletine geçmek üçin ýeňiji yglan edilmegine garşy çykýarlar we ses berişligiň galplaşdyrylandygyny aýdýarlar.

Adam hukuklary boýunça "Wýasna" merkeziniň 24-nji ýanwarda aýtmagyna görä, demonstrantlaryň köpüsi dekabr aýynyň ortalaryndan bäri açlyk yglan eden türmedäki blogçy Ihar Losik we beýleki syýasy tussaglar bilen raýdaşlyk üçin el tutuşyp bir hatar düzmeginiň yzýany tussag edilipdir.

Polisiýa Belarusyň meşhur blogçysy we Azatlyk Radiosynyň täze metbugat tehnologiýalary boýunça geňeşçisi Losigi jemgyýetçilik tertibini bozmaga taýynlyk görmekde aýyplap iýunyň aýagynda tussag etdi, oňa bildirilen aýyplamalar, üç ýyl azatlykdan mahrum etmek maksimal jezasyny göz öňünde tutýar.

15-nji dekabrda 24 ýaşly adam jedelli 9-njy awgustda geçirlen prezident saýlawlarynyň netijelerine garşy protestleri taýýarlamaga kömek etmekde aýyplandy. Täze aýyplama nägilelik bildirmek üçin Losik dessine açlyk yglan etdi.

23-nji ýanwarda geçirlen protestler ýurdy 30 ýyla golaý wagt bäri dolandyrýan Lukaşenka garşy demonstrasiýalaryň 169-njy protest güni boldy.

Saýlawdan soňky protestlere polisiýa berk basyş görkezdi we demonstrasiýalar dowam edýärkä Belarusyň oppozisiýa liderleriniň köpüsi tussag edildi ýa-da ýurtdan çykmaga mejbur edildi.

Birleşen Milletler Guramasy, ýörişler başlaly bäri häkimiýetleriň 30 000-den gowrak demonstranty tussag edendigini, gynamalara we ýowuz daralmagyna sezewar edendigini we muňa adam hukuk toparlary toparlarynyň ygtybarly habarlarynyň bardygyny aýtdy.

Günbatar hökümetleri Lukaşenkany saýlawlaryň ýeňijisi diýip ykrar etmekden ýüz öwürdiler we saýlaw galplyklaryna hem polisiýanyň gysyşlaryna jogap berip, sanksiýalary girizdiler.

Lukaşenka döwlet başyndan aýrylmakdan ýüz öwürdi we oppozisiýa bilen gepleşik geçirmejekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG