Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň tussag edilmegine hem-de ony goldamak üçin dynç günleri geçirilen protestleri polisiýanyň basyp ýatyrmagyna öz berjek jogabyny maslahat etmek üçin Brýusselde duşuşýar.
“Tussag etmeleriň tolkuny, şol sanda jenap Nawalnynyň tussag edilmegi bizi örän ynjalyksyz edýär” diýip, ÝB daşary syýasat başlygy Josep Borrell 25-nji ýanwarda duşuşyga baranda aýtdy. Käbir ýewropa paýtagtlary sanksiýalaryň artdyrylmagyna çagyryş edýär.
Germaniýanyň daşary işleri ministri Heiko Maas rus konstitusiýasynyň “Russiýada hemmelere pikir beýan etmek we demonstrasiýalara gatnaşmak hukugyny berýändigini” aýdyp, parahatçylykly protestçileriň derhal boşadylmagyna çagyrdy.
Litwanyň daşary işleri ministri Gabrielius Landsbergis 27 agzaly bileleşik “munuň kabul ederliksizdigi barada örän açyk we aýgytly gaýtawul bermeli” diýdi.
Öňki Sowet respublikalaryndan Estoniýanyň, Latwiýanyň we Litwanyň daşary işleri ministrleri hem tussag etmelerden jogapkär rus resmilerine garşy sanksiýa girizilmegini talap edenleriň hataryndadyr.
Ýöne ýewropaly diplomatlar Nawalny fewralyň başlarynda kazyýete çykyp, onuň uzak möhlet bilen gözenegiň arkasyna iberiljekdigi ýa-da däldigi aýdyňlaşýança ÝB agza ýurtlaryň täze sanksiýalar boýunça ylalaşmagyna garaşylmaýandygyny aýtdylar.
Nawalny geçen hepde Germaniýadan Russiýa gaýdyp geleninde Moskwada tussag edildi. Ol 2020-nji ýylyň awgustynda harby nerw agenti bilen agyr zäherlenenden soňra Germaniýada bejergi aldy.
Russiýa Nawalnynyň boşadylmagy barada edilýän halkara çagyryşlary we global gahar-gazaby çürt-kesik ret etdi.
Garaşsyz “OWD-Info” syýasy monitoring agentligine görä, 23-nji ýanwarda Russiýada geçirilen demonstrasiýalarda 3700-den gowrak demonstrant tussag edildi. Bu çäre ýurtda soňky ýyllarda hökümete garşy geçirilen iň uly demonstrasiýa boldy.
Bu san Moskwada tussag edilen 1 455 adamy öz içine alýar, polisiýa bilen çaknyşykda birnäçe adam ýaralandy.
TASS habar agentligi kanun goraýjy edaralardaky bir çeşmä salgylanyp, Moskwada 18-55 ýaş aralygynda 38 adamyň, şol sanda bäş ýetginjegiň protestlerden soň saglyk bejergisini alandyklaryny habar berdi.
Polisiýanyň urup-ýençmeleri
Nawalnynyň tussag edilmegine we döwlet korrupsiýasyna garşylyk bildirip, Moskwada, Sankt Peterburgda hem-de beýleki iri şäherlerde onlarça müň adam köçelere çykdy. Protestlerde polisiýanyň aşa güýç ulanandygy, şol sanda urup-ýenjendigi barada ençeme habarlar bar.
“Rus häkimiýetleri zor bilen, polisiýanyň ýowuzlygy bilen hem-de köpçülikleýin tussag etmeler bilen gaýta-gaýta erkin sözi we asuda protestleri basyp ýatyrýar. 23-nji ýanwar kadadan çykma däl” diýip, HRW-niň Russiýa boýunça barlagçysy Damelýa Aithožina 25-nji ýanwarda beren beýanatynda aýtdy.
Aithožina rus häkimiýetleriniň “esasy adam hukuklaryna hormat goýmak baradaky öz borçnamalaryna düşünýändigini ýöne olary diňe bir äsgermezligi däl, eýsem, mynjyratmagy saýlap alýandyklaryny” aýtdy.
Häkimiýetler esasan koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmelere salgylanyp, Nawalny hem-de onuň topary tarapyndan çagyryş edilen protestlere rugsat bermekden ýüz öwürdi.
Protestleriň öňüsyrasynda ýurt boýunça azyndan 60 adam, şol sanda Nawalnynyň toparynyň agzalary hem-de tanymal aktiwistler tussag edildi.
Günbatar basyp ýatyrmalary güýçli ýazgarýan mahaly, Russiýa Birleşen Ştatlaryny we onuň ýaranlaryny Russiýanyň içeri işlerine gatyşmakda aýyplady.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň adamlara demonstrasiýalardan ägä bolmak barada dowamly duýduryş bermegini hem-de onuň “protestçilere we žurnalistlere garşy berk daraşylmagyny” ýazgaryp, beren beýanatyny tankyt etdi.
“Ruslaryň parahatçylykly ýygnanyşmak hukuklaryny hem-de söz-beýan azatlygyny basyp ýatyrmak boýunça dowam etdirilýän tagallalar, oppozisiýa wekili Alekseý Nawalnynyň tussag edilmegi we munuň yzýany protestleriň basyp ýatyrylmagy raýat jemgyýetiniň hem-de esasy erkinlikleriň mundan-da beýläk çäklendirilýändigini görkezýän ynjalyksyz alamatlardyr” diýip, ilçihana beren beýanatynda aýtdy.
Peskow ABŞ beýanatlaryny “ýerliksiz” atlandyrdy we “elbetde bular gytaklaýyn biziň içerki işlerimize düýpli gatyşylmagydyr” diýip, sözüne goşdy.
Bu aralykda, Russiýanyň Londondaky ilçihanasy Günbatar ýurtlaryny adamlary demonstrasiýalara höweslendirmekde aýyplady.
Bu protestlerde ABŞ-nyň ýa-da başga bir ýurduň roluny görkezýän hiç hili alamat ýok.
Peskow 24-nji ýanwarda efire berlen interwýusynda eger-de prezident Jo Baýdeniň täze administrasiýasy dialoga açyk bolsa, rus prezidenti Wladimir Putiniň hem muny gaýtarjakdygyna özüniň şübhelenmeýändigini aýtdy.
Nawalnynyň ýarany Leonid Wolkow protestlere bildiren reaksiýasynda Russiýanyň ähli 11 wagt zonasynda ýerleşýän şäherçelerde we şäherlerde sowuk howada geçirilen demonstrasiýalara gatnaşygy öwdi.
“Men, elbetde, buýsandym, haýran galdym we ruhlandym” diýip, Wolkow AFP habar agentligine aýtdy. Nawalnynyň topary öňümizdäki hepde başga bir ýöriş geçirmegi umyt edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.