Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daňdanyň alagaraňkysynda döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň çörek nobaty egsilmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Baýramaly şäheriniň döwlet dükanlarynda 26-njy ýanwarda diňe çörek satyldy. Has ozal, ýanwaryň ortalarynda Marynyň döwlet dükanlarynda arzan bahadan hili pes gök-bakja we miwe önümleri peýda bolupdy, azyk harytlarynyň söwdasy wagtlaýyn kadalaşypdy. Ýöne häzir diňe ýene çörek satylýar. Adamlar daň bilen çörek satyn almak üçin nobata garaşýar. Ala garaňkyda polisiýa işgärleri nobata gatyşýar. Bularyň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berýär.

Şäheriň bir döwlet dükanynyň öňünde “adamlar daň bilen sagat 4:00-de nobata durup başladylar” diýip, bir baýramalyly atlandyrylmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Soňra 5:30 töwereklerinde 30 adamlyk başga bir üýşmeleň gapdaldan nobata goşuldy. Olar nobata özleriniň has ir gelendigini öňe sürdüler.

Bir ýerlerden “seržant” çinli iki polisiýa işgäri peýda bolup, binobat nobata goşulan üýşmeleňe arka çykdy. “Bular birinji geldiler” diýip, polisiýa işgäri öňden bäri nobata garaşýan adamlara ýüzlendi.

Polisiýa nobata soň goşulyp, öňki hatarlara göz gyzdyran jemendäniň tarapyny çaldy. Adamlar nägilelik beýan etdi.

Habarçynyň sözlerine görä, “nobata biz gözegçilik edýäris” diýip, polisiýa işgärleri dillendi.

Wakanyň şaýatlary polisiýanyň 30 adamlyk üýşmeleňi ýörite getirendigini, olara dükandan özleri üçin arzan bahadan şeker, banan we ösümlik ýagyny satyn aldyrmakçy bolandygyny çaklaýar. Dükan 6:20-de açyldy. Ýöne ol ýerde 26-njy ýanwar güni diňe çörek satyldy. Muny gören polisiýa işgärleri özleriniň hususy awto ulaglaryna münüp, dükany terk etdiler.

Ýatlasak, golaýda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Aşgabatdan baran barlagçylary Marynyň edara-kärhanalarynda barlag işlerini geçirýän mahaly, regionda käbir harytlaryň söwdasy kadalaşdy. Döwlet dükanlarynda arzan bahadan hili pes gök-bakja we miwe önümleri satyldy. “Barlagçylar gitdi, banan hem ýitdi” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Regiona aşgabatly barlagçylar sapar edýän mahaly, ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi şeýle barlaglaryň yzygiderli geçirilmegine isleg bildirdiler.

"Barlagçylar haçan gitse, şol gün ýene öňki günümiz bolar. Käşgä şeýdip barlag geçirilenden soň, azyk önümleri şu günki ýaly, ýaşaýan ýeriňden kepilnama soralman satylsa bolmaýamy" diýip, barlag dowam edýän wagty Azatlyk bilen gürleşen adamlar aýtdylar.

Türkmenistanyň döwlet dükanlary aýlyk norma bilen satylýan azyk önümleriň söwdasy üçin ýerli ýaşaýjylardan kepilnama talap edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy döwlet dükanynyň öňünde çörek satyn almak üçin nobata garaşýan adamlaryň arasynda 10-12 ýaşlarynda bir ýaş çaganyň hem bardygyny habar berdi. 50 teňňelik çörek çäkli möçberde, adam başyna ikiden satyldy.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady çökgünligiň fonunda ýurduň döwlet dükanlarynyň öňünde ýeňillikli iýmit önümlerini satyn almak üçin uly nobatlar döreýär. Hususy söwdada bahalar gymmatlygynda galýar. Ýerli synçylara görä, walýutanyň gara bazardaky bahasy gymmatçylyga täsir edýär.

Bu aralykda, Azatlygyň ikinji habarçysy Lebap welaýatynyň Farap etrabynda 25-nji ýanwarda dollaryň bahasynyň 30 manat 20 teňňä çykandygyny habar berdi. “Bahalar ýene galdy” diýip, bir faraply gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, gymmatçylyk sebäpli hususy söwdadaky harytlar geçmeýär. Ýöne telekeçiler, muňa garamazdan, ýaramlylyk möhleti geçen harytlaryny söwda tekjelerinden aýyrmaýarlar. “Olar zyýan çekmejek bolup şeýle edýärler” diýip, bir faraply gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümet resmileri ýurtda dowam edýän gytçylyk we gymmatçylygy ne tassyk edip, ne-de inkär edip çykyş edýärler.

Döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri döwlet dükanlarynyň öňünde daň bilen döreýän nobatlar barada asla habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG