Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatdan barlagçy geldi. Ýangyç dogry guýulýar, banan arzanlady, ýöne...


Aşgbat-Mary ýolundaky ýangyç stansiýasy. 2018 ý.

"Olar her ýyl gelip, ýangyjyň kem guýulýandygyny ýüze çykarýar, emma yzlaryna giden güni, biz olaryň dogry guýar ýaly eden uçýotçigini ýene az guýar ýaly edip düzedýäris, sebäbi biz soňundan olara beren pullarymyzy ödemeli bolýarys" diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen resmi aýtdy.

Mary sebitine Aşgabatdan barlagçylar geldi, olar etraplaryň ählisinde barlag geçirmäge başlady diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.

Ýöne bu barlagyň korrupsiýa garşy göreş üçin däl-de, her ýylyň başynda para, pul almak üçin geçirilýändigi, barlag döwründe käbir harytlaryň söwdasynyň wagtlaýyn kadalaşandygy aýdylýar.

"Gelen barlagçylar "Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugynyň işgärleri bolup, olar şu gün dört adamdan ybarat toparlar bilen Mary we Baýramaly etraplarynyň ýangyç guýulýan stansiýalaryna aýlanyp, benziniň dogry-dürs guýlup-guýulmandygyny barladylar" diýip, habarçy aýtdy.

Nebit-gaza baý Türkmenistanda ýangyç guýulýan stansiýalardaky ýagdaý, umuman, açyk syr bolup, bu edara işe girmek üçin berilýän paranyň möçberiniň ýyl-ýyldan ýokarlanyşy barada dürli maglumatlar bar.

Azatlygyň Mary sebitindäki çeşmeleriniň biragyzdan diýen ýaly tassyklamagyna görä, bu sebitde Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik eden ýyllaryndan bäri dogry-dürs ýangyç guýýan ýeke stansiýanyň hem ýokdugyny tas hemme kişi bilýär.

Barlanan ýangyç stansiýalarynyň ählisinde benziniň kem guýulýandygy ýüze çykaryldy diýip, habarçy ýangyç stansiýasynda işleýän adamlara salgylanyp aýtdy.

"Žurnalda harçlanan benziniň sany (möçberi) ýazylgy, ony sisterna boçkada galan benzin bilen ölçediler. Olaryň aýlanyp ölçeýän zaprawkalarynyň ählisinde (benziniň) kem guýulýandygy belli boldy we dogry guýar ýaly edip düzetdiler" diýip, ýangyç guýujy stansiýlaryň biriniň başlygy Azatlygyň habarçysyna "bolan işi" gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, barlagçylar "entek uly başlyklary bilen gürleşjekdiklerini" aýtdylar we gitdiler.

"Bu hiç bir jähtden täzelik däl, biz bu hili barlaglary her ýylyň başynda görýäris. Bular pul soýmaga, bizi talamaga gelýärler" diýip, ýangyç stansiýasynyň ýolbaşçysy gürrüňini dowam etdirdi.

"Olar her ýyl duýdurman gelip, biziň ýangyjy kem guýýandygymyzy ýüze çykarýarlar, emma barlag işlerini dynyp, yzlaryna giden güni, biz olaryň dogry guýar ýaly edip düzeden uçýotçigini ýene az guýar ýaly edip düzedýäris, sebäbi biz soňundan olara beren pullarymyzy ödemeli bolýarys" diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen resmi aýtdy.

Geçirilýän barlaglaryň ýene bir netijesi bolsa, kemçilik tapylan işgärleri işden boşatmak we olaryň ýerine täze işgär almak bilen bagly.

"Bular her zaprawkadan 1-2 işgärden bahana tapyp, olary işden çykarmaly edýärler. Ol işgärleriň ýerine bolsa ýene köpräk para beren adamlary işe alýarlar" diýip, Mary etrabynda bir ýangyç stansiýasynyň başlygy Azatlyga aýtdy.

Aşgabatdan gelen barlagçylaryň Maryda diňe döwlet eýeçiligindäki ýangyç stansiýalaryny barlap oňmandygy habar berilýär.

"Türkmenstandartlary" bu gezek telekeçileriň guran hususy dükanlaryna hem aýlandy. Olar dükanlaryň meýdanyny, uzynlygyny, inini we boýuny ölçäp, ýa uzyn, ýa gysa diýip, dürli bahana tapyp, dükanyňa möhür urjak diýip haýbat atdylar, bu haýbatyň arkasynda hem uly möçberde para almak niýeti bar diýip, Azalyga gowşan maglumatda aýdylýar.

Şol bir wagtda, Mary sebitine Aşgabatdan iberilen barlagçylar bilen baglylykda, döwlet dükanlarynda çigit ýagy peýda boldy. "Häzir kim gelip çigit ýag satyn alsa, adatça onuň ýany bilen berilýän başga harytlary almasaňam bolýar" diýip, dükan satyjylary aýtdylar.

"Adam başyna 16 manatdan 1 litr ýag berilýär, satyjylar ýene geliberiň, çigit ýag bar diýýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, geçen hepde döwlet dükanlarynda 30 manat bahalanan banan şu gün her adama 1 kilodan, 10 manatdan satyldy, ýany bilen plastik bedre we taňňyr almaly diýip aýtman satýarlar diýip, Azatlyga gowşan maglumatlarda aýdylýar.

Ýene bir täzelik bolsa un söwdasy bilen bagly: un her hojalyga, adam sanyna seretmezden, 10 kilodan berilýär; ýagny hojalykda 5 adam bar bolsa hem, 25 kilo däl-de, 10 kg un berilýär, kilosy bir manatdan diýip, habarçy aýtdy.

Şeker adam başyna ýarym kilodan we 6 manatdan satylýar; çörek adam başyna ikiden satylýar, özem mundan ozal 1-1,50 manatdan satylan çörekler şu gün 1 manatdan we 50 teňňeden satyldy. Ýöne adamlar bu ýagdaýyň diňe barlagçylar gidýänçä dowam etjekdigini gowy bilýärler.

"Barlagçylar haçan gitse, şol gün ýene öňki günümiz bolar. Käşgä şeýdip barlag geçirilenden soň, azyk önümleri şu günki ýaly, ýaşaýan ýeriňden kepilnama soralman satylsa bolmaýamy" diýip, Azatlyk bilen gürleşen adamlar aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG