Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hameneýi ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalaryny ýatyrmalydygyny aýdýar 


Aýatolla Ali Hameneýi

Birleşen Ştatlar Eýranyň Günbatar döwletleri bilen baglaşan ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmegini islese, ol Tährana garşy girizen ähli sanksiýasyny ýatyrmaly diýip, Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi aýtdy.

Bu habary 7-nj fewralda döwlet telewideniýesi berdi.

"Eger-de olar Eýranyň öz üstüne alan borçnamalaryna gaýdyp gelmegini isleseler, ABŞ ähli sanksiýalary iş ýüzünde ýatyrmaly, soň biz sanksiýalaryň dogry ýatyrylandygyny ýa-da ýokdugyny göreris, soň bolsa borçnamalarymyza gaýdyp geleris" diýip, Hameneýi aýtdy.

Analitikler telewideniýede eşitdirilen sözleriň Hameneýiniň prezident Jo Baýden kasam kabul edeli bäri eden ilkinji belligi bolandygyny aýdýarlar. Baýden bu şertnama gaýtdan goşulmak isleýändigini aýtdy.

Bu beýanat Eýranyň daşary işler ministriniň 6-njy fewralda eýran gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde Waşingtony 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmek üçin tiz hereket etmäge çagyrandan soň edildi.

Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Hamşahride beren interwýusynda "Parlament taslamasy we Eýranyň täze ýylyndan soň boljak saýlaw atmosferasy sebäpli, amerikalylaryň wagty azalýar" diýdi.

Eýranyň täze ýyly 21-nji martda başlar we saýlawlar iýun aýynda bolar.

Parlamentiň dekabr aýynda kabul edilen kanuny, eger-de ABŞ-nyň sanksiýalary 21-nji fewrala çenli ýeňilleşdirilmese, hökümeti ýadro pozisiýasyny berkitmäge mejbur edýär.

Zarif söhbetdeşlikde "Amerika näçe yza çekse, şonça-da utular" diýdi. “Bize gepleşik stoluna dolanmak hökman däl. Stoluň başyna gelmek üçin Amerikanyň bilet tapmagy gerek” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG