Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan Demokratiýa indeksi boýunça yzdan altynjy


Hasabatda Türkmenistan mümkin 10 baldan 1,72 baly aldy.

Türkmenistan Britaniýanyň “The Economist” žurnalynyň çap eden Demokratiýanyň indeksi boýunça hasabatynda 167 ýurduň arasyndan 162-nji orny eýeledi. Muňa turkmen.news internet neşiri ünsi çekýär.

Hasabatda Türkmenistan mümkin 10 baldan 1,72 baly aldy. Ol “awtoritar režimli” ýurtlaryň sanawynda ýerleşdirildi.

Türkmenistandan soňky orunlary Çad, Siriýa, Günorta Afrika Respublikasy, Kongo we Demirgazyk Koreýa (1,08 bal) eýeledi. Hasabatda iň demokratik döwletler hökmünde Norwegiýa (9,81 bal), Islandiýa, Şwesiýa, Täze Zelandiýa we Kanada ykrar edildi.

Hasabatda her döwlete bäş ugur, ýagny saýlaw prosessi, hökümetiň syýasaty, syýasy işjeňlik, syýasy medeniýet we raýat azatlygy boýunça bal kesgitlenýär.

2019-njy ýylda hem Türkmenistan bu hasabatda 162-nji orunda ýerleşdirilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG