Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň egindeşi Wolkow gözlenýänleriň sanawyna goşuldy


Leonid Wolkow
Leonid Wolkow

Russiýanyň Derňew komiteti tussaglykdaky rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň ýakyn egindeşleriniň biri Leonid Wolkowy ýurduň gözlenýän şahsyýetleriniň sanawyna goşandygyny mälim etdi.

Mundan başga-da, 10-njy fewralda Moskwanyň Basmannyý sudy Derňew komitetiniň Nawalnynyň tutuş ýurt boýunça toparlarynyň toruna ýolbaşçylyk edýän Wolkowyň tussag edilmegi boýunça höküm çykarmak barada resmi ýagdaýda ýüz tutandygyny mälim etdi.

Wolkow häzir Russiýanyň daşyndaky aýdyňlaşdyrylmaýan bir ýurtda ýaşaýar. Oňa ýanwaryň aýagynda rugsat berilmedik ýörişlere ýetginjek ýaşyna ýetmedikleri çagyrmakda aýyplama ýöňkelýär.

Tanymal kreml tankytçysy Alekseý Nawalny 17-nji ýanwarda Russiýa gaýdyp gelenden soň tussag edildi we, prezident Wladimir Putiniň buýrugy bilen zäherlenendigini aýdýan oppozisiýa syýasatçysynyň hem-de korrupsiýa garşy göreşijiniň goldawyna, onuň azat edilmegini talap edip, ýurduň ýüzden gowrak şäherinde, on müňlerçe demonstrantyň gatnaşmagynda protest çäreleri gurnaldy.

Polisiýa 23-nji we 31-nji ýanwarda hökümete garşy geçirilen demonstrasiýalary berk basyp ýatyrdy we 10,000-den gowrak protestçini saklady, şol sanda Nawalnynyň egindeşlerini gözenegiň aňyrysyna ýerleşdirdi.

XS
SM
MD
LG