Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň Senaty Trampyň impiçment diňlenişigini dowam etdirmek boýunça ses berdi


ABŞ-nyň Senatynda impiçment diňlenişigi

ABŞ-nyň Senaty ozalky prezident Donald Trampyň ikinji impiçment diňlenişigini geçirmek boýunça ses berdi. Emma Respublikançylar öz garaýyşlaryny üýtgetmeseler, Trampa hökümiň çykarylmagynyň ähtimallygynyň azdygy bellenilýär.

9-njy fewralda Senat sesleriň 56-44 gatnaşygy bilen Trampyň 6-njy ýanwarda Kapitola edilen hüjüm bilen baglylykda “gozgalaňy öjükdirmek” boýunça günäli ýa däldigi barada diňlenişigiň resmi ýagdaýda başladylmagyna ýol açdy.

Deň ýarpa bölünen Senatda alty Respublikançy hem diňlenişigiň geçirilmegini oňlap, Demokratlary goldap ses berdi. Şol bir wagtda, Trampy günäli diýip kesgitlemek üçin Senatyň zerur bolan üçden ikisiniň goldawynyň bolmajakdygy hem äşgär boldy.

Ses berişlikde prezident häkimiýet başyndan giden halatynda hem ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň impiçment diňlenişiginiň geçirilmegini goldap-goldamaýandygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG